Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun Türkmenistanyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga gatnaşyp bilmez

15:1405.11.2015
0
8189

"Tehran Times" gazeti Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda şu hepdäniň duşenbe gününde geçirilen "Rostow" - "Dinamo" duşuşygynda şikeslenen Eýranyň mili ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmunyň, klubyň lukmanynyň maglumatyna görä, 2-3 hepde ýaşyl meýdana çykyp bilmejekdigini habar berýär.

Eýranyň "Tasnim" habarlar agentligi bolsa 33 ýaşly goragçy Jalal Hosseýniniň şikes sebäpli türkmen futbolçylary bilen boljak duşuşyga gatnaşyp bilmejekdigini ýazýar. Milli ýygyndy bilen 100-nji duşuşygyna çykmagyň bosagasynda duran goragçy 3 hepde ýaşyl meýdana çykyp bilmez.

Mundan başga-da, 28 ýaşly goragçy Wuriýa Gafuri hem şikes sebäpli ildeşlerimiz bilen boljak duşuşyga gatnaşyp bilmez.

Eýranyň hem-de Türkmenistanyň futbol ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 12-nji noýabrda Tähranyň "Azady" stadionynda geçiriler.

Dünýä çempionatynyň AFK boýunça saýlama tapgyrynyň "D" toparçasynda omanly futbolçylar 11 utuk bilen öňde barýar. Olardan 3 utuk az toplan Eýranyň ýygyndysy ikinji, 7 utukly ildeşlerimiz üçünji orunda.

Saýlama tapgyrda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň futbol ýygyndylarynyň arasynda 16-njy iýunda Daşoguzda geçirilen ilkinji duşuşyk 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň