Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynda ikinji orna çykdy

02:4903.11.2015
0
1439

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew we onuň tälimçilik edýän topary — «Rostow» Russiýa çempionatynda haýran galdyrmagyny dowam edýär. Russiýa Federasiýasynyň futbol çempionatynyň geçen möwsümde başyna türkmen tälimçisi getirilýänçä çempionatyň düýbüne kök uran topar bu ýylky möwsümiň 14-nji tapgyrda «Zenit», SSKA, «Saprtak», «Krasnodar», «Rubin» ýaly Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşyp ýören klublary yzda galdyryp, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çykdy.

2-nji noýarbda geçirilen 14-nji tapgyryň duşuşygynda Gurban Berdiýewiň topary Moskwanyň «Dinamo» toparyny kabul etdi. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda emin 5 futbolça sary kart görkezmeli boldy. Şol sanda «Rostowdan» Kalyçýow 61-nji minutda oýundan hem çykaryldy. Iki tarap üçin hem ýeňil bolmadyk duşuşyk Baştuşyň 55-nji minutda geçiren goly bilen «Rostowyň» peýdasyna tamamlandy.

Duşuşykdan soňra köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýusynda türkmenistanly tälimçi duşuşygyň gidişi barada şeýle diýdi:

— Duşuşyk turuwbaşdan çekeleşikli başlady. «Dinamo» — güýçli topar, duşuşygyň dowamynda toparyň futbolçylary biziň derwezämizde howply pursatlaryň birnäçesini döretdiler. Esasan hem, birinji ýarymda garşydaşlarymyzyň ýiti hüjümlerini gaýtarmak futbolçylarymyza ýeňil düşmedi. Ýöne ikinji ýarymda oýnuň gidişini öz elimize aldyk. Şeýle-de bolsa Kalaçýowyň emin tarapyndan oýundan çykarylmagy biziň geçirýän hüjümlerimize ýiti täsirini ýetirdi. Ýeňiş — ýeňil düşmedi. Men futbolçylarymyzyň hemmesine minetdarlyk bildirýärin, olar ellerinden gelenini etdiler. Olara ýene bir gezek minnetdar.

2-nji noýabr Gurban Berdiýew üçin düşümli seneleriň biri. Tejribeli tälimçi mundan göni 7 ýyl ozal, ýagny 2008-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Kazan şäheriniň «Rubini» bilen Russiýa Federasiýasynyň çempiony bolupdy.

Gurban Berdiýewiň topary indi Russiýanyň Premýer ligasynda 27 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Birinji orundaky SSKA-nyň bolsa 36 utugy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň