“АвтоВАЗ” Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazarlaryna gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär

10:0724.10.2015
0
9007

“АвтоВАЗ” we Gazagystanyň “БИПЭК АВТО” şereketi Mongoliýada, Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Türkmenistanda we Täjigistanda LADA markaly (belgili) awtomobilleri distriburlamak barada ylalaşyga geldiler.

“АвтоВАЗ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň prezidenti Bu Inge Andersson bilen “БИПЭК АВТО – АЗИЯ АВТО” Şereketler toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Anatoliý Baluşkininiň arasynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň we Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda degişli resminama gol çekildi.

“АвтоВАЗ” bize markany Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň giň bazaryna täzeden goýbermegi ynanýar. Bu uly ähmiýetli mesele we ol Ust-Kamenogorsk şäherindäki zawodda çykaryljak awtomobilleriň eksport üpjünçiligi boýunça biziň bilelelikdäki önümçilik meýilnamalarymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.” – diýip, Baluşkin aýtdy.

Öz gezeginde Bu Andersson rus awtomobil ägirdiniň häzirki wagtda eksport bazarlaryndaky distributorlyk toruny reformirleýändigini (üýtgetýänligini), müşderi hyzmatynyň bir bitewi standartlaryny girizýändigini belledi: “Biziň hyzmatdaşlarymyzyň Russiýadaky we Gazagystandaky oňyn iş tejribesi  bize “АвтоВАЗ”-yň pozisiýalarynyň öňden güýçli bolan bazarlaryna üstünlikli dolanyp barmagymyza bil baglamaga mümkinçilik berýär.”

2015-nji ýylyň iýunynda Andersson “АвтоВАЗ”-yň rus bazarynyň 20 göterimini eýelemegi we ýylda 325-350 müň awtomobil satmagy, şeýle hem her ýylda 70 müňe golaý awtoulagy eksport etmegi strategiki maksat edip goýýandygyny aýdypdy.

2014-nji ýylyň sentýabrynda “АвтоВАЗ” we “БИПЭК АВТО” Russiýanyň Sibir we Ural federatiw okruglarynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk gazandylar. Olar bilelikde “Aziýa awto Ust-Kamenegorsk” kärhanasyny  döretdiler. Bu kärhana LADA awtomobilleriniň distribusiýasyna, satylyşyna  we hyzmat edilişine hukuk aldy. Bilelikdäki kärhananyň infrastrukturasy 10 şäherde 15 awtomerkezi öz içine alýar.

“БИПЭК АВТО” bilen “АвтоВАЗ”-yň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Ust-Kamenogorskde Gazagystanyň iň uly awtomobil klasteri peýde bolup, onuň önümçiliginiň doly aýlawyna diňe bir (awtomobilleri) kebşirlemek, reňklemek we ýygnamak däl, eýsem awtokomponentleri ýygnamak hem degişli bolar. Täze zawodyň çaklanylýan (önümçilik) kuwwaty ýylda 170 000 awtomobile çenlidir.

Ýewropa biznesiniň assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylyň dokuz aýynda Russiýada LADA satuwlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28 göterim pese gaçyp, 203,46 müň awtomobile barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň