Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda alyş guşakly göreşi boýunça dünýä çempionatynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen gutlamak dabarasy geçirildi

00:4320.10.2015
0
4498

19-njy oktýabrda Aşgabatda alyş guşakly göreşi boýunça dünýä çempionatynda we dzýudo boýunça Aziýanyň birinjiliginde jemi 8 medal eýelän türgenlerimizi sylaglamak dabarasy boldy.

Sport muşdaklary ildeşlerimizi iri halkara ýaryşynda gazanan ajaýyp üstünligi bilen gutlamak üçin ýygnandylar. Polşa Respublikasynyň Belostok şäherinde geçen alyş göreşi boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 7 medala (4 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç) mynasyp boldy hem-de toparlaýyn hasapda 24 döwletiň ýygyndy toparyndan öňe geçip, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Şol dünýä çempionatynyň iň ýokary baýragyna lebaply türgenler guşakly göreşiň nusgawy görnüşinde — Gylyç Jumaýew (90 kilograma çenli agram derejede) hem-de Myrat Jumaýew (100 kilogramdan ýokary agramda), erkin usulda — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Allanur Goçow (60 kilograma çenli agram derejesinde) hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Rejebaly Orazalyýew (100 kilogramdan ýokary agramda) mynasyp boldular. Bu görnüşde kümüş medaly Pirguly Gurbandurdyýew (80 kilograma çenli agram derejesinde), bürünç medaly bolsa Medet Hallygurbanow (70 kilograma çenli agram derejede) we Seýdi Batyrow (90 kilograma çenli agram derejede) eýelediler. Bu türgenleriň üçüsi hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda bilim alýarlar.

Bu ýokary okuw mekdebiniň ýene bir talyby Batyr Hojamuhammedowyň Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçen sportuň olimpiýa gornüşi bolan dzýudo boýunça ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda gazanan üstünligi hem bellärliklidir. Ildeşimiz 90 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 23 döwletden örän güýçli dzýudoçylaryň arasynda kümüş medala mynasyp boldy.

Sport jemgyýetçiliginiň wekilleri iri halkara ýaryşlarynda gazanan şeýle üstünlikleri bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemeginiň miwesidigini bellediler. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri Türkmenistanda ezber tälimçileri we ýokary derejeli ussatlary taýýarlamak boýunça işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň