Türkmen futbolçylary Aziýa çempionatynyň (u-16) final bölegine çykmak mümkinçiligini ýitirdiler

0
827
1
1

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň futbolçylary (16 ýaşa çenli) Kataryň paýtagty Dohada geçýän saýlama ýaryşynda (“C” toparça) bassyr ikinji duşuşygynda ýeňlip, Aziýa çempionatynyň final bölegine çykmak mümkinçiligini ýitirdiler.

Birinji tapgyrda Katardan 0:5 hasabynda ýeňlensoň, Batyr Şyhyýewiň şägirtleri täjigistanly deň-duşlaryndan 1:5 hasabynda asgyn geldiler.

Täjik futbolçylarynyň 3-nji minutda guran ilkinji hüjümi netijeli tamamlandy — diýlip, Täjigistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Wahdat Hanonowyň sag gyradan jerime meýdançasyna geçiren pökgüsini Ziýowuddin Fuzaýlow derwezä gönükdirdi.

Türkmenistanlylar bir minutyň dowamynda burçdan iki gezek oýna girizmek bilen jogap berdiler. 11-nji minutda bolsa garşydaşyň derwezesiniň alkymynda amatly pursat hem döretdiler. ýöne täjik goragçysy W. Hanonow pökginiň öňüne böwet bolup, ony meýdanyň daşyna çykardy.

28-nji minutda täjigistanlylara hasaby artdyrmaga mümkinçilik döredi. Ýöne Fridun Nematowyň uran pökgüsi derwezäniň germewine degdi.

Şondan soň ýygyndymyzyň tälimçileri oýna üýtgeşme girizdiler. 23-nji minutda ýarym goragçy Allaýar Gaýybowyň ornuna hüjümçi Ahmet Gurbanow girdi. Şondan soň oýun Täjigistanyň ýygyndysynyň derwezesine tarap süýşdi.

36-njy minutda ildeşlerimiz garşydaşyň derwezesine iki gezek howply urgy ýerine ýetirdiler. Ýöne derwezeçi Daler Azizow olaryň ikisinde-de ygtybarly oýnady. Aradan bir minut geçip-geçmän ol Mürze Beknazarowyň jerime urgusyndan ýerine ýetiren güýçli urgusyny gaýtardy. Şonuň yzysüre bolsa bir-bire çykan Ahmet Gurbanowyň batly urgusyny aýagy bilen gaýtardy.

Arakesmä golaý Zaýneddin Rahimowyň şägirtlerine ikinji pökgini-de geçirmek başartdy. Wahdat Hanonow aýlaw urgusy bilen pökgini derwezäniň “dokuzlygyna” gönükdirdi.

Türkmen toparynyň derwezesine üçünji pökgi 50-nji minutda girizildi. Wahdat Hanonowyň sag tarapdan gönükdiren pökgüsi Agajan Jumaýewiň aýagyna degip, garaşylmadyk ýerden derwezä girdi.

61-nji minutda Atamyrat Ramazanow emin tarapyndan oýundan çykarylansoň, Türkmenistanyň topary azlykda galdy. Şondan soň täjik futbolçylary ýene iki pökgi geçirdiler. 67-nji minutda Mubinjan Muminow 82-nji minutda Awaz Kamçinow tapawutlandylar. Oýnuň ahyrraklarynda türkmen futbolçylaryna ýeke-täk jogap pökgüsini geçirmek başartdy.

2-nji tapgyrda “C” toparçadaky beýleki duşuşykda yrakly futbolçylar katarly deň-duşlaryny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Şeýlelikde iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan Yragyň ýygyndysy öňde barýar. Kataryň we Täjigistanyň toparlarynyň hersiniň 3 utugy bar. Biziň ýetginjeklerimiz bolsa ýeke utuk hem toplaman soňky orunda barýarlar we olarda indiki tapgyra çykmaga hiç hili mümkinçilik galmady. Şeýle bolansoň tälimçi Batyr Şyhyýewiň şägirtlerine Yragyň ýygyndysyna garşy diňe abraýy dikeltmek üçin oýnaýmak galýar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

Aziýa çempionaty — 2016 (U-16). Saýlama tapgyr. "С" toparça.

18-nji sentýabr. Doha. "Aspire Dome Indoor Stadium". 50 tomaşaçy. 22 gradus С.

Türkmenistan – Täjigistan – 1:5 (0:2)

Pökgüleri geçirenler: Ziýuwuddin Fuzaýlow, 3 (0:1). Wahdat Hanonow, 45+3 (0:2). Agajan Jumaýew, 50 awtogol (0:3). Mubinjon Muminow, 67 (0:4). Awaz Kamçinow, 82 (0:5). Kerim Garabekow, 85 (1:5).

Türkmenistan: Batyr Gaýlyýew, Agajan Jumaýew, Kerim Garabekow, Roman Galkin, Mirza Beknazarow, Seýran Berdinazarow (Umyt Nazarow, 64), Allaýar Gaýybow (Ahmet Gurbanow, 32), Meýlis Hoşmyradow (Batyr Täçnazarow, 77), Meýlis Diniýew, Atamyrat Ramazanow (k), Omar Nazargulyýew.

Baş tälimçi: Batyr Şyhyýew .

Täjigistan: Daler Azizow, Sultonşo Mirzoýew, Wahdat Hanonow, Huseýn Nurmatow, Daler Ýodgorow (k) (Awaz Kamçinow, 55), Ziýuwuddin Fuzaýlow (Saidmuhtor Azimow, 46), Şerwoni Mabatşoýew (Tohir Maladustow, 66), Faridun Nematow, Mubinjon Muminow, Amir Ibragimow, Manuçehr Safarow.

Baş tälimçi: Zaýnidin Rahimow.

Duýduryş alanlar: Meýlis Diniýew 44 – Huseýn Nurmatow 55, Manuçehr Safarow 58, Wahdat Hanonow 61.

Oýundan çykarylan: Atamyrat Ramazanow 61 (Türkmenistan).

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Wahdat Hanonow (Täjigistan).

Emin: Marai Mohammed Al-Awaji (Saud Arabystany).

Kömekçi eminler: Fahad Awaýed Alumri, Halaf Al-Şamamri (Saud Arabystany).

Ätiýaçdaky emin: Hidaýat Ullah (Pakistan).

Eminleriň inspektory: Naser Al-Gafari (Iordaniýa).

Duşuşygyň komissary: Adrian Çan (Singapur).

 

Aziýa çempionaty — 2016 (U-16). Saýlama tapgyr. "С" toparça.

18-nji sentýabr. Doha. "Aspire Dome Indoor Stadium". 400 tomaşaçy. 20 gradus С.

Yrak – Katar – 1:0 (1:0)

Pökgini geçiren: Alaa Adnan Jabbar, 22 (1:0).

Duýduryş alanlar: Ammar Mohammed Dheýaa Al-Lami 64, Mohamed Ridha Jalil Mejer Al-Elaýawi 69 – Nasser Alýazidi 40, Haled Mohammed 45, Hişam Ali 70, Adam Hamdi 90+4, Mohammad Bahramen 90+5.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Alaa Adnan Jabbar (Yrak).

Emin: Rowan Arumugan (Hindistan).

Kömekçi eminler: Sapam Kennedi (Hindistan), Taufik Ibrahim (Maldiw).

Ätiýaçdaky emin: Niwon Robeş Gamini (Şri-Lanka).

Duşuşygyň komissary: Maheş Bista (Nepal).

"С" toparçasynda ýygyndylaryň ýerleşiş tertibi

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru