Oman-Türkmenistan:dünýä we Aziýa çempionaty üçin nobatdaky ädim

0
387
5
0

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy üçin synag güni. Milli ýygyndymyz futbol boýunça Dünýä kubogynyň we Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrlarynyň çäginde myhmançylykda Omanyň milli ýygyndysy bilen duşuşýar.

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Amangylyç Goçumowyň şägirtleri bu duşuşyga taýýarlykly geldiler. Olar birnäçe günläp Dubaý şäherinde okuw türgenleşigini geçdiler. Bu ýerde ýerli Al-Hamriýah futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, ol türkmen futbolçylarynyň peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy.

Şu gün Omanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylary biri-biri bilen ilkinji gezek duşuşýar. FIFA-nyň şu ýylyň awgust aýyndaky reýtinginde Oman 99-njy, Türkmenistan 149-njy orunda.

Şu wagtda çenli Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparçada iki duşuşyk geçirdi. Olaryň birinde ýeňildi, biri deňlik bilen tamamlandy. Omanyň milli ýygyndysy toparçada häzire çenli bir duşuşyk geçirip, onda Hindistanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň soňky geçiren 5 duşuşygy:

Türkmenistan-Eýran     1:1 (1:1)

Guam-Türkmenistan     1:0 (1:0)

Türkmenistan-Flippinler     0:2 (0:0)

Owganystan-Türkmenistan     3:1 (1:0)

Türkmenistan-Laos     5:1 (1:1)

Omanyň milli ýygyndysynyň soňky geçiren 5 duşuşygy:

Oman-Ýemen     1:0 (1:0)

Hindistan-Oman     1:2 (1:2)

Oman-Siriýa Arap Respublikasy     1:2 (0:2)

Bahrein-Oman     0:0 (0:0)

Oman-Alžir     1:4 (0:2)

Türkmenistanyň milli ýygyndysy myhmançylykda iň soňky gezek (resmi duşuşyklarda) 2010-njy ýylda Wýetnamyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda ýeňiş gazandy. Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilen duşuşykda türkmen futbolçylary 6:2 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Omanyň milli ýygyndysynyň öz meýdanynda soňky gazanan ýeňşi şu ýylyň mart aýyndadyr. Omanly futbolçylar Malaýziýanyň milli ýygyndysyny 6:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Häzir Türkmenistanyň milli ýygyndysy «D» toparçada 1 utuk bilen 4-nji orunda, Omanyň milli ýygyndysynyň bolsa 3 utugy bar. Olar 6 utuk toplan Guam döwletiniň milli ýygyndysyndan soň ikinji basgançakda barýarlar.

Şu günki duşuşygyň emini singapurly Muhammed bin Jahari.

 Şu gün toparçadaky beýleki bir duşuşykda Eýranyň milli ýygyndysy ýaryş tertibiniň öňdebaryjysyny — Guamyň futbol ýygyndysyny kabul eder. Bu tapgyrda Hindistanyň milli ýygyndysy dynç alar.

Ildeşlerimize üstünlik arzuw edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru