Aşgabatda «Türkmentel–2015» atly IX halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

0
1022
2
0

16–18-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel–2015» atly IX halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Sergä daşary ýurtlardan gatnaşjaklaryň hatarynda hemra we öýjük aragatnaşygynyň iri operatorlary, dünýäniň meşhur önüm öndürijileri we beýleki degişli hünärmenler bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Pudaklaýyn halkara serginiň we maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen kärhanalarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde hem-de halkara maglumatlar giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru