Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji mejlisi geçiriler

08:3122.08.2015
0
4113

13-17-nji sentýabrda Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji mejlisi geçiriler. Oňa Aziýa we Okeaniýa sebitleriniň ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri, Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylary gatnaşar. Maslahatyň çäklerinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine Ýetiriji we Maliýe komitetleriniň mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aziada—2017-diniň ýaryşlarynyň geçjek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşlygy öz içine alýan medeni maksatnama guralar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 21-nji awgustdaky mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň