Ukrainadan gelen oýunçy Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji goluny geçirdi

0
1505
17
0

Daşoguzda, Baýramalyda we Aşgabatda geçirilen duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 20-nji tapgyr tamamlandy.

Paýtagtyň “Köpetdag” stadionynda bolan oýun diňe bir altyn medal ugrunda göreşýän toparlaryň — “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky oýun hökmünde däl, eýsem, toparlaryň ikinjisiniň düzüminde ukrainaly oýunçylar — 27 ýaşly goragçy Igor Koroteskiý bilen 23 ýaşly ýarym goragçy Mikola Weçurkonyň ilkinji duşuşygyny geçirýändigi bilen uly gyzyklanma döretdi. Bu futbolçylar “Türkmennebitönümleri” Baş dolandyryş müdirliginiň toparyna erkin oýunçylar hukugynda geçdiler.

Mikola Weçurko futbol ýoluna Kiýewiň 15-nji çagalar ýetginjekler sport mekdebinde başlady. ÇÝSM-niň futbol ligasynda oýnaýarka yzygiderli Ukrainanyň ýetginjekler ýygyndy toparyna çagyryldy. Soňra Weçurko Poltawanyň “Worsklasynyň” ýaşlar düzüminde çykyş etdi. Soňra Kiýewe dolandy ýerli “Arsenalyň” çakylygyny kabul etdi. Bu toparyň ýaşlar düzüminiň kapitany boldy. Ýokary ligadaky ilkinji duşuşygyny 2013-nji ýylyň 20-nji iýunynda Harkowyň “Metallistine” garşy geçirdi. Bu oýunda Weçurkonyň topary 1:2 hasabynda ýeňildi. Möwsümiň ahyryna çenli 6 duşuşyk geçirdi, şondan soň toparyň çempionatdan aýrylandygy sebäpli Weçurko “Arsenaly” terk etdi. 2014-nji ýylyň başynda ol ýokary ligada çykyş edýän Užgorodyň “Gowerlasy” bilen şertnama baglaşdy, onuň düzüminde 14 duşuşyk geçirdi.

Igor Koroteskiniň tejribesi birneme artygrak. Harkow futbolunyň uçurymy 13 ýaşynda Doneskiniň “Şahtýorynyň” akademiýasyna düşdi. 2004-nji ýylda “Şahtýor-2” toparyna geçirildi. 2005-nji ýylda deňlikde tamamlanan (2:2) “Dnepr” — “Şahtýor” duşuşygynda ýokary ligada ilkinji duşuşygyny geçirdi. 2006-njy ýylda Kriworožskiniň “Kriwbassyna” kärendesine berildi.

I.Koroteskiý Ukrainanyň 17 hem 19 ýaşly ýetginjekler, şeýle hem 21 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynda çykyş etdi. Kapitan hökmünde 5 duşuşyk geçirdi. 2007-nji ýylda Bolgariýanyň ýaşlar ýygyndysyna garşy duşuşykda (2:1) şikes aldy. 2007-nji ýylyň 30-njy martynda operasiýa edildi.

Şondan soňra I.Koroteskiý kärendesine Luganskiniň “Zarýasynda”, Mariupolyň “Ilýiçewesinde”, Doneskiniň “Metallurgynda” çykyş etdi. Soňky toparyň düzüminde ilkinji duşuşygyny 2009-njy ýylyň 19-njy iýulynda Dnepropetrowskiniň “Dnepriniň” garşysyna getirdi (0:0). 2013-nji ýylyň başynda Zapožýäniň “Metallurgy” bilen şertnama baglaşdy. 2015-nji ýylyň fewralynda bolsa “Gowerla” geçdi. Aprel aýynda Užgorodyň topary bilen hyzmatdaşlygyny wagtyndan öň bes etdi, geçen hepdede bolsa “Ahalyň” düzümine goşuldy.

“Ahal” futbol klubunda habar berişleri ýaly, topar ukrainaly oýunçylaryň ikisi bilenem 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Indiki 21-nji tapgyra çenli bu ýurduň ýene iki futbolçysy topara goşulmaly, ýöne olaryň atlary heniz aýdylanok.

Türkmenistanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda Igor Koroteskiý ýaryş tertibinde öňdäki orunda barýan “Altyn asyryň” derwezesine gol geçirmek bilen tapawutlandy. Ol 6-njy minutda Myrat Hemraýewiň burçdan oýna girizen pökgüsini derwezä gönükdirdi. Ýer eýeleriniň jogaby nagt boldy. 11 –nji minutda “Altyn asyryň” goragçysy Şöhrat Söýünow takmynan 30 metr aralykdan derwezeçi Akmyrat Gurbanowyň hüşgärligini barlap gördi, ýerine-de düşdi. Pökgi derwezeçiniň eliniň aşagyndan geçip, derwezä girdi. Netijede duşuşyk 1:1 hasaynda hem tamamlandy.

Türkmenbaşynyň “Şagadamy” hem öňde barýan toparlaryň yzyndan ýetmäge dyrjaşýar. Topar geçen tapgyrda myhmançylykda 0:4 hasabynda “Daşoguzdan” üstün çykan bolsa, bu tapgyrda Baýramalyda marynyň “Energetigini” ýeňdi — 1:3. Pökgüleri ýeňiji topardan Azat Garajaýew, Hydyr Ýakubow, Annageldi Weliýew, ýer eýelerinden bolsa bir jogap pökgüsini toparyň iň netijeli hüjümçisi Kerim Hojaberdiýew geçirdiler. Bu ýeňişden soň “Şagadam” üçünji orunda barýan “Balkandan” 2 utuk yza galýar.

Geçen tapgyrda öz meýdanynda şowsuz çykyş eden “Merw” myhmançylykda “Daşoguzy” ýeňlişe sezewar etdi — 1:2. 18-nji minutda Söhbet Allanurow marylylary öňe çykardy.

Arakesmeden soň, Inoýat Rajapow hasaby deňledi — 1:1. Duşuşygyň tamamlanmagyna 15 minut galanda Tirkiş Muhammetberdiýew “Merwe” ýeňiş getirdi — 1:2.

21-nji tapgyr 22-nji awgustda HTTU — “Daşoguz” duşuşygy bilen açylar. Öňdebaryjylar barada aýdylanda, “Altyn asyr” myhmançylykda “Şagadam” bilen oýnar, “Ahal” bolsa öz meýdanynda “Hazynany” kabul eder.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Daşoguz" – "Merw" – 1:2 (0:1)

16-njy awgust. Daşoguz. "Sport toplumy". 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Inoýat Rajapow 47 – Söhbet Allanurow 18, Tirkiş Muhammetberdiýew 75.

Duýduryş alanlar: Hamza Alamow 43, Begli Öwezow 58, Meýlis Seýidow 78 - Jemşit Orazmuhammedow 45.

Emin: Ruslan Ereşow.

Duşuşygyň inspektory: Öwezdurdy Gylyçmyradow.

"Energetik" – "Şagadam" – 1:3 (0:2)

16-njy awgust. Baýramaly. "Sport desgasy". 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Kerim Hojaberdiýew 70 – Azat Garajaýew 4, Hydyr Ýakubow 26, Annageldi Weliýew 87.

Duýduryş alanlar: Mekan Çaryýew 39, Eldar Aliýew 50 – Hemra Amanmämmedow 64.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Duşuşygyň inspektory: Allabergen Sapaýew.

"Altyn asyr" – "Ahal" – 1:1 (1:1)

16-njy awgust. Aşgabat. "Köpetdag" stadiony. 1 400 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Şöhrat Söýünow 11 – Igor Koroteskiý 6.

Duýduryş alanlar: Şöhrat Söýünow 45+1, Azat Orazmuhammedow 53, Nazar Çöliýew 56, Ahmet Ataýew 61, Bagtyýar Hojaahmedow 83 – Altymyrat Annadurdyýew 46, Alibek Abdurahmanow 70, Zafar Babajanow 75.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Eldar Ramazanow.

20-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Bellik: HTTU ýaryş tablisasynda “Merw” bilen utuklary deň hem bolsa özara duşuşykda utanlygy sebäpli ýokary çykdy.

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew  ("Balkan") – 19 (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 18.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 16.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 14 (6).

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru