Türkmen küştçüsi — Wengriýada geçirilen halkara ýaryşynyň ýeňijisi

0
800
2
0

Türkmen küştçüsi Annaberdi Esenow Wengriýada tamamlanan däbe öwrülen “Frist Saturdaý” reýting ýaryşynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Tejenli 27 ýaşly FIDE-niň ussady bu üstünligi halkara ussatlarynyň arasynda gazandy. Oňa Angliýanyň, Ysraýylyň, Awstriýanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Aýlaw görnüşinde geçen ýaryşda ildeşimiz mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplady. Wengriýaly üç halkara ussatlaryna — Farago Sandora, Adam Szbereniýa, Emil Szalanskä garşy oýunlarda gazanylan ýeňişler A. Esenow üçin aýratyn ähmiýetlidir. Bu üstünlikden soň, Türkmenistanyň 2013-nji ýyldaky çempiony öz halkara reýtingini has-da ýokarlandyrdy, ol bu günki gün 2289 balla deňdir.

Türkmen toparynyň bu ýaryşdaky iň ýaş wekili — aşgabatly 16 ýaşly FIDE-niň ussady Saparmyrat Atabaýew halkara grossmeýsterleriniň arasynda çykyş etdi. Oňa 13 küştçi gatnaşyp, olaryň 4-si grossmeýster, 6-sy bolsa halkara ussatlarydyr. Iki grossmeýsterden — Baros Denezden we Gzebe Atiladan üstün çykyp, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň şägirdi 6,5 utuk toplady we ýedinji orny eýeledi.

Şu ýylyň ýazynda Budapeştde geçen bu ýaryşda S. Atabaýew halkara ussatlarynyň arasynda birinji orny eýeläpdi.

Saparmyrat indi şu ýylyň güýzünde ýaşy 20-ä çenli bolan ýetginjekleriň arasynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görüp başlar.

Mundan başga-da, Annaberdi Esenow bilen Saparmyrat Atabaýew 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy hem-de bu toplumlaýyn yklym oýunlarynda medal gazanmagy arzuw edýärler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru