Aşgabatda howadan geçýän elektrik liniýalary ýerasty kabeller bilen çalşyrylar

0
1029
2
0

Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde paýtagtda howadan geçýän elektrik liniýalary ýerasty kabeller bilen çalyşmak işi dowam etdirilýär. Munuň özi uly şäher giňişligi asyl-asyl bolup duran elektrik simlerinden arassalamaga ýardam berer.

Paýtagty abadanlaşdyrmagyň çäklerindäki bu işleri “Aşgabatenergo” önümçilik birleşigi “Türkmenenergogurlyşyk” konserni bilen bilelikde alyp barýar.

Häzirki güne çenli meýilnamadan daşgary ýaşaýyş ýerlerinde ulanylýan 0,4 kilowat basyşly pes woltly kabel elektrik liniýalarynyň bir müň kilometre golaýy we 10 kilowolt basyşly ýokary woltly kabelleriň bolsa 500 metrden gowragy çekildi.

Umuman, 2015-2016-njy ýyllarda howadan geçýän elektrik liniýalarynyň 113 kilometri aýrylar, ýerasty kabelleriň bolsa 178 kilometri çekiler. Şeýle hem köçeleri yşyklandyrmaga degişli bolan howa elektrik liniýalarynyň 70 kilometrini aýyrmak bellenilýär.

Mundan başga-da, paýtagtyň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli taslama amala aşyrylýar. Bu işleriň ilkinji nobatdakysyny 2015-nji ýylda, ikinji we üçünji nobatdakylaryny bolsa 2016-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru