Berdiýewiň toparynyň täze möwsümdäki ilkinji ýeňşi

0
735
13
0

“Rostowyň” futbolçylary belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda bir hepde mundan ozal başlanan Russiýanyň premýer-ligasynyň 2-nji tapgyrynda myhmançylykda “Ufadan” 1:2 hasabynda üstün çykyp, ilkinji ýeňşini gazandylar. 

Garşydaşlar Russiýanyň çempionatynda üçünji gezek duşuşýardylar we Başgyrdystanyň topary heniz bir gezek hem ýeňip görmändi. Geçen möwsümde “Rostow” “Ufa” bilen myhmançylykda 0:0 oýnady, öz meýdanynda bolsa 2:0 hasabynda utdy.

“Ufa” bilen nobatdaky duşuşygyň öňüsyrasynda rostowlylar düýpli ýitgi çekdiler — maşgala ýagdaýy sebäpli toparyň esasy oýunçylarynyň biri Kalaçýow duşuşyga gatnaşyp bilmedi. Elbetde, ýerli topar üçin ýakymly täzelikler hem boldy: topara dolanyp gelen ýarym goragçy Horen Baýramýan we 20 ýaşly türkmen kökleri bolan eýranly futbolçy Serdar Azmun düzüme goşuldy. Bu oýunçylaryň soňkusyny “Rostow” 2015/2016-njy ýyllaryň möwsüminiň ahyryna çenli ilkinji nobatdaky hukuk bilen Kazanyň “Rubininden” kärendesine aldy. Eýranly futbolçy 20-nji belgi we “Serdar” lakamy bilen hatara goşuldy — diýip, “Rostow” futbol klubunyň resmi saýty habar berýär.

“Ufanyň” Başgyrdystanyň paýtagtyndaky ýerli meýdanynyň ýaryşlara taýýar däldigi sebäpli duşuşyk Saranskide, “Mordowiýanyň” öz oýunlaryny geçirýän stadionynda bolup geçdi.

Birinji ýarymda hasap açylmady, ýogsa “Rostowyň” futbolçylarynyň birneme artykmaçlygy duýuldy.

46-njy minutda “Rostowyň” oýunçysy Ýu Ben Su derwezeçi bilen ýüzbe-ýüz galdy, netijede ol gysga aralykdan pökgini derwezä gönükdirdi — 1:0! Şertli ýer eýeleri 78-nji minutda hasaby deňlediler. 18 ýaşly ukrainaly Aleksandr Zinçenko tapawutlandy — 1:1.

Gurban Berdiýewiň şägirtleri duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 3 minut galanda ýeňiş pökgüsini geçirmegi başardylar. Burçdan oýna girizilen pökgi angolaly goragçy Bartolomeu Baştuşa degip, derwezä girdi — 1:2.

Duşuşykdan soňra “Rostowyň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew futbolçylarynyň oýna berlişinden razydygyny belledi.

—Birinji ýarymy erbet geçirmedik, ikinji ýarymda birneme peseldik — diýip, G.Berdiýew "Наш футбол" teleýaýlymyna beren teswirlemesinde aýtdy. — Elbetde, 3 utuga we oglanlaryň özlerini oýna berişlerine diýseň şat. Biz heniz käbir zatlaryň üstünde işlemeli, işlärisem. “Ufa” — oňat topar, “Spartak” bilenem gowy oýnady. Ýöne häzir premýer-ligada kimdir birini haýran galdyrmak örän kyn.

Indiki tapgyrda “Rostow” 2-nji awgustda öz meýdanynda “Krasnodary” kabul eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru