Türkmenistanda doglan oýunçyny Bundesliganyň kluby kärendesine aljak bolýar

0
1230
6
0

“Zenitiň” ýaşlar toparynyň goragçysy, ýetginjekleriň arasynda geçen Ýewropa çempionatynyň (19 ýaşa çenli) finalçysy Jamaldin Hojanyýazow gelejekki möwsümi, megerem, kärendesine Germaniýanyň “Şalkesinde” geçirse gerek. Bu barada Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýärler.

“Zenitiň” ýaşlar toparynyň 17 ýaşly goragçysy Maksimilian Proniçew hem onuň ýany bilen gider. Ylalaşyk bir ýyla niýetlenendir. Ylalaşyk möhleti tamamlanansoň, oýunçylar “Zenite” dolanyp geljekdiklerini Bobsoccer tassyklaýar.

Jamaldin Hojanyýazowyň Baýramalyda (Türkmenistan) doglandygyny bellemelidiris. Ol Tolýattiniň Ýuriý Konoplýow adyndaky futbol akademiýasynyň uçurymydyr. Dört ýyllap bu şäheriň “Akademiýasynda” çykyş etdi. 2012-nji ýylyň gyş aýlarynda 3 ýyllyk şertnama gol çekip, Sankt-Peterburgyň “Zenitine” geçdi.

Proniçew bolsa Berlinde doguldy, ýerli “Gerta” futbol klubunyň akademiýasynda okady. Geçen möwsüm ol “Zenitiň” ýaşlar düzüminde we “Zenit-2” toparynda oýnady.

“Zenitiň” aksiýalarynyň barlag paketiniň eýesi we “Şalke-04”-iň titul hemaýatkäri şol bir kompaniýa — “Gazprom” kompaniýasy bolup durýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru