BSGG-niň Ýewropa býurosynyň direktory ýörite Türkmenportal üçin

0
569
0
0

BSGG-niň Ýewropa sebiti býurosynyň direktory Žužanna  Ýakab hem (Kopengagen, Daniýa) “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşan hormatly myhmanlaryň biri boldy. Ol Türkmenportala beren beýanatynda, ine, şeýle diýdi:

—Türkmenistanyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyny belleýän günlerinde siziň bilen bolýandygyma şanly senä bagyşlanan halkara forumynyň işine gatnaşýandygyma örän şat.

Soňky ýyllarda Türkmenistan uly üstünliklere eýe boldy. Saglygy goraýyşdaky öňegidişlikler ilkinji lukmançylyk kömegini bermek bilen utgaşykly alnyp baryldy, munuň özi türkmen halkyna sagdynlykda ýaşamaga ýardam etdi. Mysal üçin, Türkmenistanda 2004-nji ýylda duzuň ýodlaşdyrylmagy ýaly görnüşler il-ulsuň saglyk ýagdaýynyň gowulaşmagyna getirdi. Şondan bir ýyl soňra bolsa, derman serişdeleri babatdaky döwlet syýasatyny kadalaşdyrmak maksady bilen, derman serişdelerinden peýdalanmagyň milli sanawy girizildi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanda saglygy goraýşyň netijeli ugurlaryny kesgitlän, mysal üçin, enäniň we çaganyň saglygyny gowulandyrmak, şeýle hem, ýokanç hem ýokanç däl kesellere garşy göreşi güýçlendirmek ýaly, milli ýörelgeler peýda boldy.

BSGG-niň Ýewropa sebiti býurosy Türkmenistanyň, onuň her bir ädiminiň ýakynynda bolmak bilen buýsanç duýgularyny başdan geçirýär. Biziň agza bolup durýan ýurtlarymyzyň syýasatdaky we anyk hereketlerdäki anyk hem ygtybarly höweslendirmeleri we goldawlary — bu Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň öňünde durýan wezipeleriň bir bölegi bolup durýar. Bize Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky açyk-aýdyň alada, şeýle hem kärdeşlerimiz bilen bilelikdäki çemeleşmelerimiz bizi kanagatlandyrýar. Hususan-da, biz Türkmenistanyň BSGG-niň Ýewropa sebiti býurosy “Saglyk — 2020” syýasatynyň ösdürilmegine we durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berýäris...

Ähli türkmenistanlylary, hökümeti we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doly ýerine ýetirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen gutlaýaryn. BSGG-niň Ýewropa sebiti býurosy döwlet Baştutany tarapyndan saglygy goraýyşy ösdürmegiň 2025-nji ýyla çenli döwlet maksatnamasynyň tassyklanylmagyny doly goldaýar, çünki bu BSGG-niň Ýewropa sebiti býurosynyň “Saglyk — 2020” syýasatynyň ýörelgesine doly laýyk gelýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru