Türkmen futbolçysy ýoldaşlyk duşuşygynda tapawutlandy

0
439
10
0

13-nji iýulda Türkiýäniň Super ligasynda çykyş edýän «Eskişehir» futbol topary bilen Özbegistanyň «Almalyk» topary ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Mälim bolşy ýaly, «Almalygyň» düzüminde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow çykyş edýär. Ýeri gelende aýtsak, «Almalyk» şu günler Türkiýäniň Karadepe kurort şäherçesinde okuw türgenleşik ýygnanşygyny geçýär.

Duşuşygyň 11-nji minudynda  «Eskişehir» Diego Angelonyň goly bilen öňe saýlandy. Türk topary 58-nji minutda hasaby 2:0-a ýetirdi. Bu gezek Mirkan Aýdyn tapawutlandy. Ýöne ikinji goldan bary-ýogy bir minut soňra «Almalyk» hasaby 2:1-e getirmegi başardy. Goluň awtory bolsa türkmen futbolçysy Arslanmyrat Amanow.

Duşuşykda şondan soň hasap açylmady. «Almalygyň» düzümine şu möwsümiň başynda goşulan tejribeli ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow toparyň düzüminde 15 oýunda 4 gol geçirdi. Şol 15 duşuşygyň 9-synda esasy düzümde, 6-synda bolsa ätiýaçlykdan meýdana çykan türkmen futbolçysy «Almalygyň» düzüminde jemi 925 minut meýdana çykdy. Arlanmyradyň toparyň geçiren duşuşyklarynda 2 sany gol pasy bar. Ol häzire çenli diňe bir sany sary kart gördi. Ol hem Özbegistanyň «Lokomotiw» topary bilen bolan duşuşykdadyr. Ýeri gelende, aýtsak, «Almalyk» Özbegistanyň Ýokary ligasynda 15 duşuşykdan soňra 28 utuk toplap, 6-njy orunda barýar. Topar indiki duşuşygyny 2-nji awgustda çempionatyň lideri «Pahtakor» bilen geçirer. Duşuşyk «Almalygyň» meýdanynda bolar.

Tejribeli türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň «Almalykdaky» karýerasy bilen gyzyklanýan okyjylarymyzyň http://www.fc-olmaliq.uz/ru. internet salgysyndan giňişleýin maglumatlary alyp biljekdiklerini ýatladýarys. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru