Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda galla oragy möwsümi üstünlikli tamamlandy

02:2814.07.2015
0
4214

Türkmenistanda galla oragy möwsümi üstünlikli tamamlandy. Zähmetsöýer gallaçylarymyz ak bugdaýyň bir million dört ýüz müň tonnadan gowragyny ýygnadylar we Watan harmanyna tabşyrdylar.

Bu bolsa, gurak gelen şu ýylda hem gallaçylarymyzyň gowy netijeleri gazanandygyny görkezýär. Gazanylan bu üstünlik zähmetsöýer daýhanlarymyzyň ýeňil bolmadyk şertlerde dänäniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň oňat tejribesini toplandygyna şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Orak möwsüminiň netijeleri döwletimiziň öz azyk howpsuzlygyny doly gazanandygyny subut edýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Galla baýramynyň ýetip gelýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ähli ildeşlerimizi bu şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, Galla baýramy mynasybetli orak möwsüminde oňat netijeleri gazanan kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, sürüjileriň we bu jogapkärli işe gatnaşan beýleki adamlaryň çeken yhlasly zähmetine mynasyp baha bermegiň zerurdygyny aýtdy hem-de olara gymmat bahaly sowgatlary we beýleki sylaglary gowşurmak meselesine seretmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň