Çiliniň ýygyndysynyň futbolçylary finalda argentinalylary ýeňip, Amerikanyň Kubogy — 2015-iň ýeňijisi boldular

0
495
0
0

Çiliniň ýygyndysynyň futbolçylary öz ýurtlarynda geçen ýaryşyň finalynda oýundan soňky 11 metrlik urgularyň netijesinde Argentinanyň toparyny ýeňip, Amerikanyň Kubogyny eýelediler we 2017-nji ýylda Russiýada geçiriljek Konfederasiýanyň Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Duşuşygyň esasy we goşmaça wagtynda hasap açylmady. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda şowlulyk çilili futbolçylaryň tarapynda boldy. Olar öz urgularyny dürs ýerine ýetirdiler. Argentinalylardan bolsa Gonsalo Iguain bilen Ewer Banega muny başarmadylar.

Ýaryşda üçünji Perunyň ýygyndysynyň eýeländigini ýatladýarys.

Amerikanyň Kubogy

Çili — Argentina — 0:0 (4:1)

Duýduryş alanlar: Silwa 24, Medel 34, Dias 44, Arangis 86, Roho 55, Maskerano 55, Banega 91.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru