Türkmenistanyň Prezidenti Köýtendag we Farap etraplarynda täze suw arassalaýjy desgalaryň işine ak pata berdi

0
920
3
0

Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Köýtendag we Farap etraplarynda täze suw arassalaýjy desgalaryň işine ak pata berdi.

Bu ýere dikuçarda baran Döwlet Baştutany ilki Mukry şäherçesindäki (Köýtendag etraby) suw arassalaýjy desgasyny açdy.

Döwlet Baştutany düwmäni basdy we geçiriji ulgamlar arkaly suw akyp başlady. 

Döwlet Baştutanymyz tutuş tehnologik halka boýunça önümçiligiň iş usullary bilen tanyşdy. Suw arassalaýjy desga ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Tapgyrlaýyn arassalamak, zyýansyzlandyrmak hem-de agyz suwy sarp ediş ulgamyna bermäge taýýarlamak boýunça tehnologik işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar we gözegçilik edilýär.

Amyderýanyň suwy çekilen kanal boýunça ilki ýörite gurlan 500 müň kubo metr suwy ýerleşdirip bilýän üsti açyk görnüşli saklanylýan ýere gelip gowuşýar. Şunça mukdardaky suw 10 gije-gündizlik ätiýaçlyga barabardyr. Bir günde ilkinji galdyryjynyň kuwwatly sorujy enjamlarynyň kömegi bilen suw ýörite desga gelip gowuşýar. Şol ýerde suw durlanylýar, zyýansyzlandyrylýar hem-de süzüji ulgama geçirilýär. Süzülenden soň, suw iki sany üsti ýapyk görnüşde saklanylýan ýere gelip gowuşýar.

Toplum Köýtendag, Mukry şäherçeleriniň, Magdanly şäheriniň we etrabyň obalarynyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder. 100 müňden gowrak adam – bu dag ülkesinde ýaşaýan ilatyň ählisi arassa we ýokary hilli agyz suw bilen ygtybarly üpjün ediler. Taslamada göz öňünde tutulyşy ýaly,  suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygynyň ýany bilen “Täze jaý” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ilatly nokatlara umumy uzynlygy 100 kilometrden gowrak bolan täze magistral turbageçirijileri çekdiler.

Köýtendag etrabynda suw arassalaýjy desgasy bilen tanyşlygynyň barşynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow teleköpri arkaly Farap etrabyndaky suw arassalaýjy desgasynyň işine hem ak pata berdi.

Bu desganyň kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr suwa barabardyr. Munuň özi etrabyň obalarynyň we şäherçeleriniň ähli ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin doly ýeterlikdir. Zerur bolan ýagdaýynda önümçiligiň tehniki ätiýaçlygy suwuň berlişiniň möçberlerini görnetin artdyrmaga mümkinçilik berýär. Suw geçiriji torlarynyň 25 kilometri çekildi. Täze desga daşary ýurtlaryň dünýä derejeli enjamlary we tehnologiýalary, şol sanda barlaghana enjamlary, 10 sany kuwwatly sorujy enjamlar, süzgüçleriň 25-si, elektrik üpjünçiliginde bökdençlik dörän ýagdaýynda peýdalanmak üçin ätiýaçlyk dizel generatorlarynyň ikisi, döwrebap kompýuter ulgamlary bilen üpjün edildi. Suwuň ilki başky saklanýan ýeriniň göwrümi 125 müň kub metre barabardyr.

2011-nji ýylyň başynda ýurduň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem ilatly nokatlary arassalanan agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasy tassyklanyldy we amala aşyrylýar.

Sakar etrabynda etrabyň ähli ilatly nokatlaryna suw geçiriji torlary çekmek bilen toplumda kuwwaty bir gije-gündizde 50 müň kub metr suwa barabar bolan döwrebap suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar, Halaç etrabynda suw geçiriji tory bolan kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr suwa barabar bolan suw desgasynyň, Serdarabat etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr suwa barabar bolan, Beýik Türkmenbaşy etrabynda turbageçiriji torlary bolan, öndürijiligi bir gije-gündizde 35 müň kub metr suwa barabar bolar, Galkynyş we Birata etraplarynda kuwwaty degişlilikde bir gije-gündizde 20 müň we 10 müň kub metr suwa barabar bolan suw desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru