Türkmenistanyň Prezidenti mähriban halkyny, edermen pileçilerini we ussat ýüpekçilerini zähmet üstünligi bilen gutlady

0
556
0
0

Eziz halkym! Hormatly pileçiler!

Sizi uly zähmet ýeňşiňiz — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamaňyzy ýerine ýetirip, Watanymyzyň pile harmanyna 2000 tonnadan gowrak pile tabşyrmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny yzygiderli ösdürmek, pudagyň işgärleriniň, şol sanda pileçilerimiziň hem-de ýüpekçilerimiziň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär.

Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen ak piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir. Ata-babalarymyzyň gadymy hünärleriniň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligi aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Türkmen halky ýüpekçilik babatda şan-şöhratly ýörelgelere eýedir. Ýüpek hemişe däp bolan türkmen lybaslarynda ulanylyp gelindi. Keteni matasyny dokamak sungaty bolsa milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Häzirki döwürde ýüpekçilik pudagynyň önümçilik binýady dolulygyna täzelendi, keteni öndürmegiň gadymy sungaty gaýtadan dikeldildi, türkmen ýüpeginden ýurdumyzda ilkinji gezek panbarhatyň täze görnüşleri çykarylyp başlandy.

Biz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň dokma senagatyna, şol sanda ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ilatymyz üçin goşmaça täze iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Edermen pileçiler! Zähmetsöýer ýüpekçiler!

Türkmen halkynyň iň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerini, keleplerini we olardan matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilipdir, ýüpekden ajaýyp halylary, matalary dokamagyň usullary döredilip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklaryň we çöllükleriň üstünden gündogardan-günbatara uzalyp gidýän kerwen ýollary «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýoluň ady şol ýol boýunça daşalýan örän gymmat bahaly harydyň—- ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Ýüpek özüniň ajaýyp häsiýetleri — berkligi, ýeňilligi we owadanlygy bilen altyna deňelipdir. Türkmen topragynyň gadymy merkezleriniň biri bolan Merwde eýýäm orta asyrlarda ýüpek gurçuklaryny köpeltmek we pile ýetişdirmek boýunça kärhanalar işläpdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýüpekçilik pudagy özüniň gaýtadan döreýşini başdan geçirýär. Ýüpek önümçiliginiň tutuş tapgyry — tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmekden we ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmekden başlap, ýüpek çig malyny almaga, taýýar önümi öndürmäge çenli ähli tapgyrlar täze talaplara laýyklykda guralýar. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi ýüpek önümçiliginiň esasy gaýtadan işleýän kärhanalary bolmak bilen, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylary, milli keteni matalary we ýüpekden beýleki önümleri öndürýän täze bölümler açyldy.

Zenanlarymyzyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan panbarhat matalaryny öndürýän Ruhabadyň panbarhat fabrigi hem häzir ýüpek süýümi bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Obada telekeçilige goldaw bermek we hususy telekeçileriň işini höweslendirmek boýunça döwlet syýasaty netijesinde ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýörite nahalhanalarda, birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlaryny ekin meýdanlarynyň töwereginde oturtmak gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn epgek ýellerden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologiýa taýdan abadançylygyny döretmäge ýardam edýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga we şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Eziz watandaşlar! Edermen pileçiler!

Men sizi we ähli türkmen halkymy Watana pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, uly zähmet üstünliginiň gazanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda çekýän yhlasly zähmetiňizde has belent sepgitlere ýetmegi arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru