Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli hemra aragatnaşyk ulgamy iş ýagdaýyna geçýär

10:1606.06.2015
0
6091

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda bolan mejlisinde Türkmenistanyň milli aragatnaşyk hemra ulgamynyň öz işine başlaýandygy barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji türkmen hemrasynyň ulanylmagynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara aragatnaşyk ulgamynyň kuwwatyndan doly peýdalanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Şu hepdäniň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň milli hemra aragatnaşyk ulgamyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Bu çärä milli türkmen aragatnaşyk ulgamyny gurmagy amala aşyran “Thales Alenia Spaсe” fransuz kompaniýasynyň, bu taslama boýunça Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolan  “Spaсe Systems International-Monaсo S.A.M” kompaniýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki wagtda milli aragatnaşyk hemra ulgamy doly güýjünde işleýär we ýurdumyzyň hünärmenleriniň öňünde bu taslamadan has doly peýdalanmak üçin onuň mümkinçiliklerini doly herekete girizmek wezipesi durýar. Şu maksatlar bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, “Türkmen hemrasy”  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi, ol hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işleri alyp barar.

 “TürkmenÄlem 520E” hemrasy Ku-ýygylykda ýaýlyma çykmaga mümkinçilik berer. Bu usul uly bolmadyk antennalar bilen ýaýlymy kabul etmäge mümkinçilik berýär we şonuň üçin hem hemra telewideniýesinde giňden ulanylýar.

Teleradiogepleşikleriň ulgamyny giňeltmekden başga-da, öz aragatnaşyk hemramyzyň bolmagy ýurdumyzda VSAT hemra aragatnaşyk tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän  iki ýa-da ondan köpräk VSAT terminaly arkaly hemrany üstünden geçiriji enjam hökmünde peýdalanyp, olaryň arasynda  maglumatlaryň uly möçberlerini geçirip bolýar.

Şunuň ýaly ulgamyň esasynda Internede girmek, telefon aragatnaşygy, çäk taýdan biri-birinden üzňelikde bolan peýdalanyjylary birikdirmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň ätiýaçlyk möçberini kemala getirmek, dolandyryş merkezinden uzakda ýerleşýän we ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary arkaly birleşdirilmedik senagat desgalarynyň işine gözegçiligi amala aşyrmak ýaly hyzmatlary hödürlenýän doly derejeli multiserwis ulgamlaryny gurnap bolar.

Wideoşekilli maslahatlary ýa-da hemra teleköprüleri tehnologiýalaryny peýdalanmak üçin uly mümkinçilik açylýar. Bu tehnologiýa, şeýle hem bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem işjeň ulanylýar.

Häzirki wagtda ýerli we Türkmenistanyň çäginde işleýän daşary ýurtly kompaniýalaryň 20-den gowragy häzirden degişli buýurmalary berip, täze türkmen hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildirýändigini mälim etdi.

Şeýlelikde, ilkinji milli emeli hemrasy ägirt uly çäkleri öz tolkunlary bilen örtmek arkaly ýurdumyzda innowasiýa aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin möhüm şert bolar. Hemra aragatnaşygynyň häzirkizaman düzümi we täze tehnologiýalar we Türkmenistanda kosmos bilen baglanyşykly barlag işlerini geçirmegi ösdürmäge we kämilleşdirmäge, türkmen döwletiniň  halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň