Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň dünýä çempionaty — 2018-iň ilkinji saýlama duşuşygyny geçirmeli

10:1130.05.2015
0
1355

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň dünýä çempionaty — 2018-iň ilkinji saýlama duşuşygyny geçirmeli gününe az wagt galdy, ýagny ildeşlerimiz 11-nji iýunda myhmançylykda Guam döwletiniň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Milli ýygyndymyzyň ýolbaşçylarynyň teklibini Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we futbol federasiýasynyň goldamagy bilen, ýygyndymyzyň düzümine 37 dalaşgäriň sanawynyň taýýar edilendigini biz ozal habar beripdik.

Geçen wagtda dalaşgärleriň çempionatymyzyň duşuşyklarynda çykyşlary göz öňünde tutulyp, olaryň sany 25-e çenli azaldyldy. Şolaryň taýýarlygy has ýokary 18-si Guama gider. Ýöne galan dalaşgärler üçin hem ýygyndynyň gapysy açyk bolmagynda galýar.

Milli ýygyndymyz 1-nji iýunda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp, okuw-türgenleşik işlerini geçirer. Olar 7-nji iýunda Filippin döwletine bararlar we 8-nji iýunda bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler. Milli ýygyndymyz şol ýerden Guam döwletine barar we 11-nji iýunda saýlama duşuşygyny geçirer.

Ildeşlerimiz Eýran Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysy bilen saýlama duşuşygyny 16-njy iýunda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan Daşoguz şäheriniň sport toplumynyň 10 müň tomaşaçy orunlyk döwrebap stadionynda geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu duşuşygyň öňüsyrasynda ýygyndymyzyň düzümine daşary ýurtlarda çykyş edýän 3 ildeşimiziň goşulmagyna garaşylýar.

Ildeşlerimize diňe üstünlik arzuw edýäris!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň