DÇ-2022: Marokka — Horwatiýa oýnunda hasap açylmady

17:5223.11.2022
0
20940
DÇ-2022: Marokka — Horwatiýa oýnunda hasap açylmady
Surat: FOX Sports

Marokkanyň milli ýygyndysy Katarda geçýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň birinji tapgyrynda Horwatiýa bilen 0:0 hasabynda deň oýnady. Duşuşyk «Al-Baýt» stadionynda geçirildi.

Şeýlelikde, Katardaky DÇ-2022-niň çäginde üçünji golsuz deňlik hasaba alyndy.

Ýeri gelende bellesek, Marokka we Horwatiýa ýaryşyň «F» toparçasynda çykyş edýärler. Bu toparçadaky indiki oýun şu gün sagat 23:45-de Belgiýa bilen Kanadanyň arasynda bolar.

Indiki tapgyryň oýnunda Horwatiýa 25-nji noýabrda Kanada bilen duşuşar. Marokka bolsa şol gün Belgiýa bilen güýç synanyşar.

2022-nji ýylky futbol boýunça dünýä çempionaty Katarda geçirilip, ol 20-nji noýabrdan 18-nji dekabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň çäginde DÇ-2022-niň oýunlaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň