Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşajyk şaşkaçy Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

11:4720.05.2015
0
2750

Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda we maý aýynyň başynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 64 we 100 öýjükli şaşka boýunça çagalaryň we ulularyň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Oňa 21 döwletden oýunçylaryň 300-e golaýy gatnaşdy. Türkmenistanly ýaşajyk şaşkaçy Sanjar Eminow 11—14 ýaşly çagalaryň arasynda geçirilen ýaryşa gatnaşdy. Ol 64 öýjükli şaşkanyň çalt oýnamak (Rapid) görnüşinde üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Sanjar 64 öýjükli şaşkanyň nusgawy (klassyky) görnüşinde bolsa has oňat netije gazanyp, altyn medalyň eýesi boldy.

Beýik Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Sanjar Eminow 4 ýaşyndan bäri şaşka oýny bilen  gyzyklanýar. Onuň ilkinji tälimçisi  kakasy Rozymyrat boldy. Ýaşajyk şaşkaçy  Lebap welaýatynyň alty gezek çempiony bolmagy başardy. Geçen ýyl Sanjaryň durmuşynda ýene-de bir ýatdan çykmajak waka boldy. Ol iýul aýynda 2001—2004-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda 64 öýjükli şaşka boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşda 1-nji orny eýeläp, çempion boldy. Şeýle hem Sanjar 2014-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Bolgariýanyň Kranýowa şäherimde 64 öýjükli şaşka boýunça 10 ýaşly çagalaryň arasynda geçirilen ýaryşda dünýädäki güýçli oýunçylaryň onlugyna düşmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň