Mubin Ergaşew: “Ahala” göwnüýetmezçilik etmek bolmaz”.

0
699
0
0

Şu gün Duşenbede geçirilen metbugat maslahatynda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ertir Türkmenistanyň “Ahaly” bilen boljak duşuşyk barada Täjigistanyň “Istiklolynyň” baş tälimçisi Mubin Ergaşew öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdi.

—Biziň hemmämiz gyzykly oýna garaşýarys — diýen M. Ergaşewiň sözlerini “Istiklol” futbol klubunyň resmi saýty getirýär. — Biziň toparymyzda ähli oýunçylar sagat, oýna hyjuwly. Gynansak-da, alan sary petekleri sebäpli bize toparyň kapitany Dilşot Wosiýew kömek edip bilmez. Onuň oýnamazlygynyň belli bir derejede bildirmegi mümkin...

—Toparçadan çykmak üçin “Istiklola” deň oýnamagam ýeterlik. Ýöne oýunçylaryň aňynda bize deňlik bolýar-la diýen pikiriň bolmagynyň size düýpli zyýan ýetirip bilerinden çekineňzokmy?    

—Muňa futbol diýýärler, onda her hili zadyň bolmagy mümkin. “Erbil” bilen duşuşykdan soň, biz oglanlar bilen AFK-nyň Kubogyna başgaça garap başladyk. “Ahal” bilen onuň ýoly bolmaz, biz ähli zady unudyp, gol geçirmek üçin öňe eňmeris. Oýlanyşykly oýun görkezip, öňde goýlan maksada ýetmäge çalşarys.

—“Ahalyň” gowşak we güýçli taraplaryny belläp bilersiňizmi?

—... Elbetde, islendik garşydaşyň gowşak we güýçli taraplary bolýar. “Ahal” barada aýdylanda, oýnuň goýluşam, oýunçylaram gowy. Umuman, mynasyp garşydaş, şonuň üçinem oňa göwniýetmezçilik etmek bolmaz.

—“Erbil” bilen bolan duşuşykdan öň siz çärýek finala çykan halatyňyzda, saçyňyzy päkä syrdyrjakdygyňyzy aýtdyňyz. Bu  pursat ýakynlaşýan ýaly...  

—Meniň düşünişimçe, žurnalistler toparymyzyň indiki bölege çykaryndan, bu meselä has köp üns berýärler. Aýratyn gyzyklandyrýanlar üçin aýdaýyn, soňky ýyllarda şeýle-de saçym çalardy we düşüp başlady (zalda gülki).

—“Walensiýada” tejribelikde bolmagyňyzyň näderejede peýdasy bar?

—Elbetde, bu uly iş... Bu uly mekdep, biziň tälimçilerimize şeýle tejribelikler diňe paýda ederdi. Bu örän gyzykly we düýbünden başga dereje...

Jahongir Jalilow, “Istiklolyň” goragçysy:

—Biz oýna örän oňat taýýarlandyk diňe ýeňşe garaşýarys. Janköýerlerimiziň ýüzüni ýere salmajak bolarys. Elbetde, Dilşod Wasiýewiň oýnamajakdygy gynandyrýar. Ol — biziň toparymyzyň öňbaşçysy. Her nämede bolsa, biz gerekli netijäni gazanmak üçin elimizde baryny ederis.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru