Türkmenistanda ýüpekçilik pudagy ösdürilýär

16:0802.05.2015
0
6976

Ýüpekçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýerli önümçiligi ýokary hilli pile  bilen doly möçberde üpjün etmek maksady bilen, ministrligi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde taslama kuwwaty bir ýylda    700 kilogram ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlaryny taýýarlaýan täze senagat kärhanasynyň gurmak meýilleşdirilýär.

Ýüpekçilik pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, 2015-nji ýylda  pile öndürmegiň  meýilnamasyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň daýhan hojalyklaryny ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek  maksady bilen,  Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň etraplarynda ýetişdirilen ýokary hilli pile hasylyny ýygnamak işleri dowam etdirilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň