Soňky habarlar

Arhiw

Çempion çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän topary ýeňip, öňdebaryjylygyny berkitdi

23:5424.04.2015
0
2788

Şu gün iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 9-njy tapgyr başlandy.

Baýramaly etrabynda Marynyň “Energetigi” bilen ýurdumyzyň häzirki çempiony “Altyn asyryň” arasyndaky duşuşyk şeýle başlanar diýip hiç kim pikir etmändi. Eýýäm ikinji minutda Kerim Hojaberdiýew ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän toparyny öňe çykardy — 1:0. Bu soňky wagtlar meýdandan golsuz gitmeýän oýunçynyň dokuz duşuşykda geçiren 7-nji pökgüsidir.

Hasaby deňlemek üçin Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew şägirtlerine hasaby deňlemek üçin bary-ýogy 14 minut gerek boldy. Umytjan Astanow tapawutlandy. Arakesmeden öň Süleýman Muhadow öz toparyny öňe çykardy — 1:2. Ikinji ýarymda ol ýene bir pökgi geçirdi. 80-nji minutda Elman Tagaýew 11 metrlik urgudan oýnuň gutarnykly hasabyny tablo ýazdyrdy — 1:4.

Bu ýeňişden soň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyry” 20 utuk toplap, öňdebaryjylygyny berkitdi. Ol ikinji orunda barýan “Şagadamdan” bäş utuk ara açdy.

Tapgyryň ikinji duşuşygynda her ýarymda bir pökgi geçirip, HTTU çempionata täze goşulan beýleki bir topary — “Hazynany” ýeňlişe sezewar etdi — 2:0.

9-njy tapgyr 25-nji aprelde “Balkan” — “Merw”, “Aşgabat” — “Şagadam”, “Daşoguz” — “Ahal” duşuşyklary bilen tamamlanar.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

HTTU – «Hazyna» – 2:0 (1:0)

24-nji aprel. Aşgabat. Halkara türkmen türk uniwersitetiniň stadiony. 250 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Orazberdi Myradow 42 11 metrlik urgudan, Muhammet Astanow 65.

Duýduryş alanlar: Gurbangeldi Batyrow 80 – Kemal Gurbanow 38.

Emin: Alibek Sapaýew.

Gözegçi emin: Wadim Baratow.

 

«Energetik» – «Altyn asyr» – 1:4 (1:2)

24-nji aprel. Baýramaly etraby. «Sport desgasy». 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Kerim Hojaberdiýew 2 – Umytjan Astanow 16, Süleýman Muhadow 27, 52, Elman Tagaýew 80 11 metrlik urgudan.

Duýduryş alanlar: Elhan Mamedow 15 – Umytjan Astanow 14.

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Gözegçi emin: Serdar Ýaryýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň