“Ahal” öňdäki orna geçdi

0
537
1
0

“Ahal” myhmançylykda “Merwi” ýeňip (2:3) Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynyň ýaryş tablisasynda öňdäki orna geçdi.

Şu duşuşyga çenli Magtymguly Begenjewiň şägirtleri öz meýdanynda hiç kimden asgyn gelmändiler. Ýöne “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary marlylara bu ýagdaýy dowam etdirmäge päsgel berdi. 23-nji minutda “Ahalyň” ýarym goragçysy Rahmet Şermetow hasaby açdy. Aradan 4 minut geçip-geçmän, Tahyr Rejepbaýew jogap pökgüsini geçirdi — 1:1.

Soňra Mihail Titowyň öz sözüni aýtmaly wagty geldi. Bu ýaş zehin ikinji ýarymda “Merwiň” derwezesinden iki pökgi geçirdi. Ýerli futbolçylar hasaby deňläp bilmeseler-de, Yhlas Pälwanowyň kömegi bilen ýene bir gezek tapawutlanmagy başardylar.

Netijede “Merw” şu möwsümde ilkinji gezek ýeňildi. “Ahal” bolsa 10 utuk toplap, 9 utukly “Balkany” ikinji ýere süýşürip, öňdäki orna geçdi. Şu gün 5-nji tapgyryň jemleýji duşuşyklarynda “Balkan” “Energetigi”, “Aşgabat” bolsa “Daşogzy” kabul eder.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Merw” — “Ahal” — 2:3 (1:2)

7-nji aprel. Baýramaly etraby. “Sport desgasy”. 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Tahyr Rejepbaýew 27, Yhlas Pälwanow 85, Rahmet Şermetow 23, Mihail Titow 34, 66.

Duýduryş alanlar: Ilýa Tamurkin 37, Myrat Hamraýew 14, Rahmet Şermetow 49, Annasähet Annasähedow 69.

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Gözegçi emin: Çary Ataýew.   

----------------------------------------------------------------------------------------------------------

Bizi LINE-da yzarlaň!

Добавить

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru