“Aşgabat” stadionynyň ýanynda tennis meýdançasy açyldy

0
851
0
0

Köpu­gur­ly “Aş­ga­bat” sta­dio­ny­nyň ýa­nyn­da Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ten­nis meý­dan­ça­synyň açylyş dabarasy boldy.

Aş­ga­bat şäher häkim­li­gi­niň “Aş­ga­ba­ta­bat­la­ýyş­gur­lu­şyk” önüm­çi­lik bir­le­şi­gi bu des­ga­nyň baş buý­ru­jy­sy bo­lup çy­kyş et­di, tas­la­ma bo­ýun­ça äh­li gur­lu­şyk iş­le­ri­ni bol­sa “Sport ýyl­dy­zy” hu­su­sy kär­ha­na­sy ýe­ri­ne ýe­tir­di.

Des­ga­nyň umu­my meý­da­ny 11 müň 242 ine­dör­dül metr bo­lup, on­da mer­ke­zi meý­dan­ça we stan­dart öl­çeg­li tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ry ýer­leş­di­ri­lip­dir. Olar ýo­ka­ry de­re­je­li oýun­la­ry ge­çir­mäge müm­kin­çi­lik ber­ýär. To­ma­şa­çy­lar üçin orun­lar 560 ada­ma ni­ýet­le­nen­dir. Ten­nis top­lu­my­na 80 aw­to­mo­bil üçin ulag du­ral­ga­sy­ny goş­mak bi­len, şeý­le des­ga­la­ryň döw­re­bap düzüm­le­ri üçin ze­rur bo­lan egin-eşik çal­şy­ryl­ýan, tälim­çi­ler üçin otag­lar we beý­le­ki­ler gir­ýär.

Ten­nis — bu tiz­lik­li we özüne çe­ki­ji oýun. Ýur­du­myz­da, esa­san, ýaş­la­ryň ara­syn­da spor­tuň bu gör­nüşi­niň meş­hur­ly­gy art­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ten­nis mer­ke­zi 1992-nji ýy­lyň ap­re­lin­de döre­dil­di. Ge­çen döw­rüň için­de hal­ka­ra de­re­je­­de yk­rar edi­len köp tej­ri­be top­la­nyp, uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. 2003-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan Bütin­dün­ýä ten­nis fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ten­nis mer­ke­zi spor­tuň bu gör­nüşi bi­len meş­gul­lan­ma­ga dür­li ýaş­da­ky adam­la­ry çek­mek bo­ýun­ça uly iş­le­ri alyp bar­ýar. Ýo­ka­ry we ýöri­te or­ta okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da, şeý­le hem “Ze­hin­le­riň göz­le­gin­de” at­ly bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de mek­de­be çen­li we mek­dep ýaş­ly ça­ga­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän yzy­gi­der­li ýa­ryş­lar, ki­çi ten­nis bo­ýun­ça gu­ral­ýan gör­kez­me çy­kyş­la­ry onuň köp­çü­lik­le­ýin häsi­ýet­li bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.

Türk­men ten­nis­çi­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­r­da ýur­du­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik ed­ýär­ler. Ýa­kyn­da ten­nis­çi us­sat­la­ry­myz Kua­la-Lum­pur (Ma­laý­zi­ýa) şähe­rin­de ge­çi­ri­len ab­raý­ly ýa­ryş­la­ryň bi­ri bo­lan De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Şon­da olar ady bel­li gar­şy­daş­la­ryn­dan bir­näçe ýe­ňiş ga­za­nyp, fi­na­la çyk­dy­lar.

Ten­nis hem 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we söweş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýär. Bu jo­gap­kär­li ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk şu gün türk­men paý­tag­tyn­da açy­lan döw­re­bap ten­nis meý­dan­ça­sy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Olim­pi­ýa şäher­çe­si­niň 4 müň to­ma­şa­çy orun­lyk mer­ke­zi ten­nis meý­dan­ça­sy oýun­la­ryň baş ten­nis meý­dan­ça­sy bo­lar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­ ulan­ma­ga be­ril­me­gi “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” at­ly köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler bi­len öz­bo­luş­ly ma­na eýe bo­lan täze sport des­ga­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­tap, bu äh­li­halk çä­re­si­niň döre­di­ji­lik, sag­dyn dur­muş ýörel­ge­le­ri­ne we spor­ta eýer­mek pi­kir­le­ri­niň töwe­re­gi­ne wa­tan­daş­la­ry­my­zy has-da je­bis­leş­dir­mäge gönük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ paý­tag­ty­myz­da şu gün açy­lan des­ga­la­ryň mäh­ri­ban hal­ky­my­za, häzir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze hyz­mat et­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru