“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawyň goragy” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

0
948
0
0

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawyň goragy” atly ylmy-populýar žurnalyň täze sany çapdan çykdy.

Žurnal “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýurdumyzyň ekologik syýasatyndaky orny baradaky makala bilen açylýar. Onda, şeýle hem Türkmenistanda apreliň ilkinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän “Suw damjasy — altyn dänesi” baýramynyň ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Indiki material kölüň çäginde buýan ösdürip ýetişdirmäge bagyşlanýar. Makalalaryň ýene birinde kölüň gurluşygynyň guşlaryň köp görnüşiniň şol sanda seýrek duş gelýänleriniň örüsiniň giňelmegine, olaryň halas bolmagyna ýa-da goralyp saklanmagyna, sanynyň köpelmegine şert döredendigi barada aýdylýar.

Žurnalda “Bereketli Garagum” goraghanasynyň ösümlik dünýäsi, üýtgeşik Garaýalçy pisse tokaýlygy, takyr ýerlerden suw çykarmak, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde suw arassalaýjy enjamlary ulanmagyň mümkinçilikleri baradaky makalalar hem okyjylary biparh goýmasa gerek. Žurnalyň şu sanynda 2014-nji ýylda çykyp ugran “Türkmenistanyň guşlary” atly neşir baradaky habar bilen jemlenýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru