Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärleri kabul etmek işi başlandy

1
3852
80
52

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2015—2016-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin dalaşgärleri kabul etmek işini geçirýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmekligiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2015-nji ýylyň 27-nji martyndan 5-nji apreli aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
  • soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4sm möçberde on iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

  • Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň seçip alyş iş topary zerur bolan ýagdaýynda Hytaý Halk Respublikasyna okamaga gitmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary dalaşgärlerden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2015-nji ýylyň aprel aýynyň 8 — 10-y aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31;tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
shanazar ( 05/11/2016 )

synaga 11 synplar hem gatnashyp bilermi?

Рейтинг@Mail.ru