Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 550 sany MAZ ulagyny satyn alar

03:2428.03.2015
0
12627

Belarus Türkmenistana 550 sany MAZ ulagyny iberer. Bu barada Belarusyň premýer-ministri Anatoliý Kalinkiniň aýdan sözlerine salgylanyp, BELTA Belarus agentligi habar berýär.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, Aşgabatda belarus ulaglaryna hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Munuň özi täze, has ýokary derejä çykmakdyr: bu ýerde diňe bir ulaglaryň satuwy geçirilmän, eýsem, olaryň ulanylyşynyň tutuş dowamynda ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetiriler.

Elbetde, Türkmenistanyň bazarlarynda bäsdeşligiň ýokarydygyna söz ýok. Bu ýagdaý Belarus tarapyny has tijenmäge, hili has gowy önümleri hödürlemäge mejbur edýär. “Biz bäsdeşlerimizde bolmadyk zatlary: giň hyzmatlar ulgamyny, ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjünçiligi, okuw geçmek boýunça çäreleri hödürleýäris. Bu meselede teklipler toplumynyň özi eýýäm utuşly bolup durýar” — diýip, Kalinkin aýtdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň