“Ahalyň” futbolçylary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Yragyň dört gezek çempionyny ýeňdiler

0
790
56
0

“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahaly” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginde ilkinji ýeňşini gazandy. Bu topar şu gün “Aşgabat” stadionynda Yragyň dört gezek çempiony, şu ýaryşyň geçen ýylky finalçysy “Erbilinden” üstün çykdy — 2:1.

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy minutda ýarym goragçy Gurban Annaýew hasaby açdy. Bir minut geçip-geçmän Luaýa Salah jogap pökgüsini geçirdi.

Ikinji ýarym deňeçer ýagdaýda geçdi. Garşydaşlar esasy ünsi goraga berdiler. Öwrülişik pursady duşuşygyň 90-njy minutynda bolup geçdi. Myrat Hemraýewiň gapdaldan myhmanlaryň jerime meýdançasyna oklan pökgüsi ilkinji bolup Gurban Annaýew ýetişdi we duşuşykda ikinji gezek tapawutlandy. Netijede “C” toparçasynda çykyş edýän “Ahal” ilkinji 3 utugyny gazandy. Üç oýundan soň, “Erbiliňem” şonça utugy bar.

Şu gün toparçada beýleki duşuşyk geçiriler. 3 utuk toplan Täjigistanyň “Istikloly” 6 utuk bilen öňde barýan Kuweýtiň “Al-Kadsiýasyny” kabul eder.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru