Türkmenistanda doglan futbolçy Ýewropa çempionaty-2015-iň saýlama bölegine taýýarlanýar

0
1000
14
0

Aşgabat, 14.03.2015. “Türkmenportal”.

Russiýanyň ýaşlar ýygyndysy (1996-njy ýylda doglanlar) 2015-nji ýylyň ýewropa çempionatynyň saýlama bölegine taýýarlygyň çäklerinde Awstriýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňki ýarym goragçysy Dmitriý Homuhanyň baştutanlygyndaky tälimçiler topara 23 futbolçy çagyrdylar. Olaryň dördüsi: derwezeçi Maksim Rudakow, hüjümçi Ramil Şeýdaýew, goragçylar Dmitriý Skopinsew we Jamaldin Hojanyýazow “Zenite” wekilçilik edýärler. Bu oýunçylaryň soňkusy Türkmenistanda doglandyr.

Topar Awstriýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny 24-nji marta çenli dowam etdirer. Soňra 2015-nji ýylyň yklym birinjiliginiň iň saýlama böleginde çykyş etmek üçin Şwesiýa ugrar.

Şwedler, belgiýalylar we litwalylar russiýalylaryň toparçadaky garşydaşlary bolar. Ýaryşyň şertine görä, Ýewropa çempionatynyň final bölegine toparçadan diňe bir topar çykar.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru