Türkmenistanyň “Ahaly” AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi “Al-Kadsiýanyň” synagyna döz gelip bilmedi

01:1026.02.2015
0
4685

Aşgabat, 26.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň “Ahaly” Kuweýtiň “Al-Kadsiýasyndan” 2:0 ýeňlip, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça bölegini ýeňlişden başlady.

Aziýanyň ikinji derejeli ýaryşynyň toparça bölegine barýan ýolda Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoýyny” 1:0, Omanyň “Fanjasyny” 2:3 hasabynda ýeňen “Ahala” El-Kuweýtdäki stadionda ýeňil düşmedi. Çünki “Al-Kadsiýa” AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi bolup, bu baýrak ugrunda ol geçen ýylyň finalynda Yragyň “Erbilinden” 4:2 hasabynda üstün çykypdy.

Muňa garamazdan, türkmen toparynyň 34 ýaşly baş tälimçisi Guwançmuhammet Öwekowyň şägirtlerine birinji ýarymyň dowamynda ýer eýeleriniň hüjümlerinden goranmak başartdy. Ildeşlerimiz soňky minutlarda hasaby açmaga-da ýakynladylar. Ýöne hüjüme goşulan goragçy Mekan Saparowyň güýçli urgusyny derwezeçi aýagy bilen gapdala sowup ýetişdi. Netijede toparlar 0:0 hasabynda arakesmä çykdylar.

Ikinji ýarymda “Al-Kadsiýa” köp hüjüm etdi. Bu olara 58-nji we 63-nji minutlarda üstünlik getirdi. Pökgüleri Saleh Şeýh bilen Faýsala Abdulla geçirdiler. Galan wagtda türkmen futbolçylary näçe jan etseler-de, hasap üýtgemedi — 2:0.

Şeýlelikde bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan “Ahal” ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ýöne öňde heniz bäş oýun bar. Şolaryň netijeleri boýunça toparçanyň iň gowy iki topary bäsleşigi 1/8 finalda dowam etdirer. “Ahal” 11-nji martda Aşgabatda Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istikloly” Kabul eder. Bu topar birinji tapgyrda öz meýdançasynda 1:3 hasabynda Yragyň “Erbilinden” ýeňildi.          

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň