Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2019-yň saýlama kampaniýasyna toparçalaýyn böleginden başlar

00:2223.02.2015
0
3509

Aşgabat, 22.02.2015. «Türkmenportal».

11-nji aprelde Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýanyň Kubogy — 2019-yň saýlama bölegindäki ilkinji garşydaşlarynyň adyny eşider.

Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň futbol konfederasiýasy bu ýaryşa gatnaşýan toparlaryň sanyny artdyrmak kararyna geldi. Şeýlelikde, indiden beýläk final bölekde şu ýyl Awstraliýada bolşy ýaly, 16 däl-de, 24 topar çykyş eder. Aziýanyň Kubogynyň bu gezekki final bölegini kabul etjek ýurt 2015-nji ýylyň martynda belli ediler.

Şeýle hem Aziýanyň futbol konfederasiýasy Dünýä çempionaty — 2018-iň we Aziýanyň Kubogy — 2019-yň saýlama böleklerini birleşdirmegi karar etdi. Şeýlelikde, bijäniň netijelerine görä, 40 topar (olaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar) hersinde 5 topar bolan 8 toparça bölüner. Duşuşyklar «öz meýdançaňdan — myhmançylykda» usulynda 2015-nji ýylyň 11-nji iýunynda 2016-njy ýylyň 29-njy marty aralygynda geçiriler.

Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orunlary eýelänleriň dördüsi Aziýanyň Kubogy — 2019-yň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Bu toparlar jemleýji bölekde Russiýada geçiriljek dünýä çempionaty — 2018-iň final bölegine çykmaga çalşarlar.

Şeýle-de, öz toparçalarynda 2—4-nji orunlary eýelän beýleki toparlar Aziýanyň Kubogy — 2019-yň final bölegine gatnaşmaga hukuk berýän galan 12 ýollanma ugrundaky göreşi dowam etdirerler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň