Aziada — 2017-niň alawy dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” gaz käninde ýakylar

0
1564
0
0

 Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.

17-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherjigine baryp görmeginiň çäklerinde döwlet Baştutanyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baş nyşanlarynyň biri bolan alawyň ýaryşlaryň geçiriljek ýerine çenli aralygy geçişi baradaky wideofilm görkezildi. Aziada — 2017-niň alawy dünýäde iň iri gaz känleriniň biri hökmünde ykrar edilen “Galkynyş” gaz käninde ýakylar. Alaw ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, gözel ýerlerinden geçer. Şeýlelikde, alaw ulaglaryň birnäçe görnüşleriniň kömegi bilen sähralardan, daglardan, derýalardan we deňizden geçip, V Aziýa oýunlarynyň guraljak ýeri bolan paýtagtymyza tarap ýola düşer. Alawyň ýoly ak mermerli Aşgabatda tamamlanar we bu ýerde onuň garşylaýyş dabarasy bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideofilme tomaşa edip bolansoň, Aziada — 2017-niň alawynyň geçýän ýoly baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, onuň ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinden, ajaýyp ýerlerden geçirilmelidigini, alawyň ýolunyň ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň üstünden geçmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Bu ýerde olimpiýa alawynyň, Aziada — 2017-niň baýraklaryna mynasyp boljaklary sylaglamak üçin dürli derejeli medallaryň, onuň nyşanynyň görnüşleri, şeýle hem Oýunlaryň nyşanlary şekillendirilen dürli sowgatlyk önümleriň: nyşanjyklaryň, trikotaž önümleriniň, kitapçalaryň, sport lybaslarynyň we beýlekileriň nusgalary görkezildi. Hödürlenen nusgalarda olary milli nyşanlar bilen baýlaşdyrmaga çalyşýan bezegçileriň döredijilik gözlegi öz beýanyny tapýar, olaryň hatarynda Oguzhanyň sekiz burçly ýyldyzyny görkezmek bolar.

Mundan başda-da, hormatly Prezidentimiz birnäçe duralgaly hem-de zerur bolan tehniki düzümli, uzynlygy 5138 metre barabar bolan monorels ýolunyň taslamasy, şu ýol boýunça gatnajak otlynyň içki we daşky görnüşleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ulagyň bu görnüşiniň aýratynlyklary barada aýdyp, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde, hususan-da, Hazaryň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda monorels ýoluny ulanmagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi, şeýle hem degişli taslamany taýýarlamagy tabşyrdy.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru