Soňky habarlar

Arhiw

Zodiagyň belgileri boýunça 17-nji fewralyň täleýnamasy

00:1517.02.2015
0
27738

 Aşgabat, 17.02.2015. «Türkmenportal». 

Guzy, 21.03 - 20.04

Sişenbede Guzylar öz durmuş we professional tejribelerine garamazdan, özleri üçin täze bir zadyň üstüni açarlar. Ýyldyzlar olara gelýän maglumatlary kabul etmek üçin taýýar bolmagy maslahat berýärler. Bu olaryň düşünjesini giňelder.

Öküzçe 21.04 - 21.05

Ýyldyzlar Öküzçelere sişenbede haýsy işiň başyna barslaram bütin durky bilen berilmeli däldiklerini ündeýärler. Eger siz juda işjanly bolsaňyzam edýän işiňize gereginden artyk yhlas siňdirmäň!

Ekizekler 22.05 - 21.06

Sişenbe güni Ekizekler töwerek-daşyndakylar bilen aňsat dil tapyşyp bilerler. Şeýle-de olar başga wagtda suhangöýlük ukybyny aňryýany bilen ulanmaly bolan işlerinem kän zähmet sarp etmezden ýerine ýetirerler.

Leňňeç 22.06 - 22.07

Leňňeçler sişenbede islendik taslamany durmuşa geçirip bilerler. Ol töweregindäkileri öz işleri bilen tanyşdyryp, tarapdarlarynyň kändigine göz ýetirerler. Täze taslama badalga berseler, ajaýyp üstünlik garaşýar.

Ýolbars 23.07 - 23.08

 Ýolbarslara sişenbe güni öz pikirlerini bir ýere jemlemek adatdakylardan kyn düşer. Kagyza geçirmeli bolsa-da olara Nostradamusyň özem düşünmez. Munuň deregine onuň el bilen däl-de, kelle bilen edýän işleri ýerine düşer.

Gyz 24.08 - 22.09

Gyzlaryň sişenbede hemme işleri başly-barat bolar. Olar uzakly günüň dowamynda bir minudam elini gowşuryp oturmak miýesser etmez. Esasy zat olar basga düşüp hemme işi birden etjek bolmaly däldirler.

Terezi 23.09 - 22.10

Sişenbede Tereziler özlerine degişli zady batyrgaýlyk bilen almagy başarsalar, bu geljekki üstünlige badalga bolar. Eden hyzmatyň kimdir biriniň gözüne ilmegine garaşmak hem ýerliksiz bolar. Ýöne şu gün siziň taslamalaryňyz weli üns merkezinde bolar.

Içýan 23.10 - 21.11

Içýanlaryň sişenbe güni hemme işleri sazlaşykly bolar. Islendik meseläni çözmäge kän tagalla edilmez. Töweregindäkiler Içýanlar artykmaç janyny gynamazdan üstünlik gazanýandyr öýderler. Ýöne ol siziň guramaçylygyňyzyň miwesidir.

Keman 22.11 - 21.12

Sişenbede Kemanlara Ýuliý Sezar ýaly birnäçe işi bir wagtda ýerine ýetirmek başardar. Adamlaryň size gözleri gider. Siz bu gün üç işi bir wagtda etseňizem oňat netije gazanyp bilersiňiz.

Owlak 22.12 - 20.01

Owlaklaryň duýgurlygy güýçli bolar. Olar beýlekileriň netijesidir öýdýän ýerinde geljegi uly taslama üçin mümkinçiligiň bardygyna göz ýetirip bilerler. Üşügi arkaly olar amatsyz hasaplanan taslamalardanam girdeji alyp bilerler.

Gowa 21.01 - 19.02

Gowalar sişenbede diýseň uly energiýa we güýç duýarlar. Olaryň maksadaokgunlylygyna we erjelligine telpek goýaýmalydyr. Ýöne olar elmydama oýlanyşykly hereket etmeýärler.

Balyk 20.02 - 20.03

Siişenbede Balyklara hemme işde ünsli bolmak gerek. Esasanam, pul, sanlar, resminamalar bilen işleýänler hüşgär bolmalydyrlar. Kiçi harp bilen ýazylanlara, setirleriň arasyndaky ýazgylara üns bermek gerek. Ýogsam, siziň ynanjaňlygyňyzdan kimdir biriniň peýdalanmagy mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň