Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky hokkeý ýaryşynyň birinji tapgyry tamamlandy

23:3510.02.2015
0
4642

 Aşgabat, 10.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli guralýan hokkeý ýaryşynyň ilkinji tapgyry tamamlandy.  

 “A” toparda çykyş edýän komandalar “Galkan” sportuň gyşky görnüşleri merkeziniň buzly meýdançasynda duşuşdylar. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” kluby Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Watançy” komandasyny 9:0 hasabynda ýeňse,  Türkmenistanyň Nebit we gaz toplumynyň “Oguzhan” komandasy Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň “Alp Arslan” klubyndan 10:1 hasabynda üstün çykdy.

  “B” topardaky duşuşyklar, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçirilip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý kluby Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň “Bürgüt” komandasyny 18:3 hasabynda utdy. “Nesil” (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty) bilen “Merdananyň” (Türkmenistanyň Serhet gullugy) arasyndaky oýun bolsa 22:2 hasabynda olaryň ilkinjisiniň peýdasyna tamamlandy.

11-nji ýanwarda 2-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony “Galkan” bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň iki gezek finalçysy “Oguzhanyň” arasyndaky oýun hemmeleriň üns merkezinde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň