“Galkan” hokkeý ýaryşyna ýeňiş bilen başlady

0
505
0
0

Aşgabat, 10.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli guralýan hokkeý ýaryşynyň ilkinji oýny geçirildi.

10-njy fewralda ilkinji bolup “A” toparda çykyş edýän komandalar “Galkan” sportuň gyşky görnüşleri merkeziniň buzly meýdançasyna çykdylar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” kluby Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Watançy” komandasyny 9:0 hasabynda  ýeňip, ilkinji 3 oçkosyny gazandy.

 “Galkanyň” oýunçysy Aman Aganyýazow oýnuň başynda hasaby açmak bilen birinji sapar guralýan ýaryşda ilkinji bolup tapawutlanan hokkeýçi hökmünde hasaba alyndy. Şondan soňra “Galkanyň” oýunçylary ýene-de 8 gezek tapawutlandylar.

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramyna hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp geçirilýän bu ýaryşda  hokkeý klublarynyň 8-si iki toparda özara güýç synanyşarlar. Öz toparynda ilkinji 2 orny eýelänler ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanarlar.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli guralýan hokkeý ýaryşynyň ilkinji oýny - “Galkan” bilen “Watançy” arasyndaky duşuşygynyň fotoreportažyny sypdyrmaň!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru