Ahmet Agamyradow: “Biz bu ýeňşi Eziz Watanymyza bagyşlaýarys”

0
544
0
0

Sankt-Peterburg, 19-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Estoniýanyň ýygyndysynyň garşysyna gazanylan ýeňişden soň (3:1), biziň futbolçylarymyz Arkalaşygyň Kubogynyň iň güýçli toparlarynyň sekizligine düşdüler. Ýaşlar ýygyndymyzyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow toparyň öz öňünde goýlan wezipesini abraý bilen ýerine ýetirendigi üçin şatlygynyň çägi bolmady.

—Ilki bilen oňat oýun görkezenligi üçin garşydaşlarymyzy gutlasym gelýär — diýip A. Agamyradow oýundan soňky metbugat maslahatynda aýtdy. — Şeýle hem ähli ildeşlerimi, we soňuna çenli göreşen oglanlarymyzy bu ýeňiş bilen gutlasym gelýär. Bu ýeňiş Eziz Watanymyz we ähli futbolçylarymyz üçin olara köp-köp sagbolsun aýdýaryn.

—Belarus —Finlýandiýa duşuşygy siziňkiden öň geçirildi, finlýandiýalylar ýeňilip size ikinji orny eýelemäge mümkinçilik döretdiler. Siz oýundan öň ýaryş tertibine seredip dürli ýagdaýlary göz öňünde tutduňyzmy?

—Elbetde. Biz ähli ýagdaýlary göz öňünde tutduk. Hat-da deň oýnap üçünji orundan çykmak mümkinçiligini hem aradan aýyrmadyk. Biz bu zatlary ýatda sakladyk, ýöne barybir ýeňiş gazanmak ugrunda göreşmelidik. Ýeňiş islendik ýagdaýda biziň toparçadan çykjakdygymyzy aňladýardy. Eger biz iki pökgi tapawudy bilen utsak örän gowudy. Bu hut şeýlede boldy.

—Siz indiki tapgyrda haýsy toparyň garşydaşyňyz bolmagyny isleýärsiňiz? GAR-my ýada Gazagystan?

—Bize kimiň garşydaş boljakdygyny aýtmak ýeňil däl. Bu topar Täjigistanam bolup biler. Dogrymy aýtsam güýçli garşydaşyň duşanyny isleýäs. Garşydaşyň haýsy topar boljagy o diýen wajyp däl. Bize Aziýa futbolunyň wekillerine güýçli garşydaşlar bilen boljak duşuşygyň gymmatly tejribesini gazanmak zerur.

—Şu günki duşuşykda toparlar 1:1 hasabynda arakesmä çykdylar siz şu pursatda oýunçylara nähili maslahat berdiňiz?

—Men olary birneme köşeşdirdim. Dogry, arakesmä çykjak bolup durkaň pökgi geçirtmek gussaly ýagdaý. Meniň öňümdäki durýan wezipe olary ýeňşe ruhlandyrmakdan ybaratdy. Ahyrky netijede biz muny başardyk.        

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru