Türkmen futbolçylarynyň öňki garşydaşlary Aziýanyň Kubogy — 2015-e şowsuz başladylar

0
411
0
0

Aşgabat, 13-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Düýn Awstraliýada dowam edýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final böleginde baş baýraga esasy dalaşgärleriň biri Ýaponiýanyň ýygyndy topary göreşe girdi. “D” toparçasyndaky ilkinji duşuşykda “samuraýlar” AFK-nyň Çagyryş Kubogy — 2012-niň final böleginde türkmen futbolçylarynyň garşydaşy bolan Palestinanyň ýygyndysy bilen duşuşdylar.

Ýaponiýalylar hiç hili kynçylyk çekmän, eýýäm birinji ýarymda jogapsyz üç pökgi geçirdiler. Olary Ýasuhito Endo (8-nji minut), Şinji Okazaki (25-nji minut), Keýsuke Honda (44-nji minut, 11 m jerime urgudan) öz atlaryna ýazdyrdylar. Arakesmeden soň bolsa  Maýa Ýoşida hasaby has-da artdyrdy (49-njy minut). 73-nji minutda iki sary petek alan Ahmet Mahajan oýundan çykarylansoň, Palestinanyň topary azlykda galdy. Muňa garamazdan, hasap üýtgemedi — Ýaponiýanyň ýygyndy topary 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

“D” toparçasyndaky beýleki duşuşykda Yragyň ýygyndysy Iordaniýanyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Pökgini 77-nji minutda Ýaser Kasim geçirdi. Elbetde, bu duşuşykda hem oýny wagtyndan öň terk etmeli bolan oýunçy tapyldy: 84-nji minutda şeýle “hormata” iordaniýaly goragçy Ýanas Bani Ýasin mynasyp boldy.

Agzalyp geçilen iki gyzyl petekden başga-da, ýaryşyň ilkinji sekiz duşuşygynda eminler 27 sary petek görkezdiler (ortaça her oýunda 3,38). Derwezelerden bolsa 20 pökgi geçirildi (ortaça her oýunda 2,5).

Şu gün Aziýanyň Kubogy — 2015-de ikinji tapgyra badalga berler. Ol “A” toparçasyndaky oýunlar bilen başlanar. Ilki Kuweýt — Koreýa Respublikasy, soňra Oman — Awstraliýa duşuşar. Birinji tapgyrdan soň bu toparçada 3 utuk toplan awstraliýalylaryň we koreýalylaryň öňde barýandygyny ýatladýarys. Bu toparlaryň ilkinjisi Kuweýtiň ýygyndysyny  4:1  hasabynda derbi-dagyn etse, ikinjisi Omanyň toparyndan 1:0 üstün çykdy.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru