Ilkinji dört oýunda ýekejede deňlik gazanylmady

0
364
0
0

Aşgabat, 10-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Awstraliýanyň futbol meýdançalarynda her 4 ýyldan bir gezek geçirilýän Aziýanyň kubogynyň final bölegi başlandy. Yklymyň ýygyndylarynyň esasy ýaryşyna 16 topar gatnaşyp, olar 4 toparçada özara güýç synanyşýarlar.  

  «A» toparça: Awstraliýa, Koreýa Respublikasy, Oman, Kuweýt.
  «B» toparça: Özbegistan, Saud Arabystany, Hytaý, KHDR (AFK-nyň 2012-nji ýyldaky “Çagyryş” kubogynyň eýesi hökmünde gatnaşýar).
  «C» toparça: Eýran, BAE, Katar, Bahreýn.
  «D» toparça: Ýaponiýa, Iordaniýa, Yrak, Palestina (AFK-nyň 2014-nji ýyldaky “Çagyryş” kubogynyň eýesi hökmünde gatnaşýar).
 

Her toparçadan iki ýygyndy çärýek finala çykýar. Aziýanyň kubogynyň 2015-nji ýyldaky eýesi 31-nji ýanwarda belli ediler.

«A» toparça: Awstraliýa – Kuweýt-4:1

«A» toparça: Koreýa Respublikasy – Oman-1:0

«B» toparça: Özbegistan – KHDR-1:0

«B» toparça: Saud Arabystany – Hytaý-0:1

Melburnda geçirilen açylyş oýnunda Awstraliýa bilen Kuweýt duşuşdy. Ilki kuweýtliler hasaby açdylar. Meýdança eýeleri arakesmä çenli 2 sapar, arakesmeden soňam 2 gezek tapawutlanyp, 4:1 hasabynda üstün çykdylar.

Ilkinji oýundakyýeňişden soňra Awstraliýa 13-nji ýanwarda Oman bilen geçiriljek oýna taýýarlyk görýär. “A” topraçada çykyş edýän omanlylar ilkinji oýunda koreýaly bäsdeşlerinden 1:0 hasabynda utuldylar.

«B» toparçada çykyş edýän Özbegistanyň ýygyndysy KHDR-iň ýygyndysyny 1:0 hasabynda utdy. Mirjalol Kasymowyň tälim berýänleriniň tora salan ýeke-täk pökgisi olara ilkinji ýeňşini gazanmaga kömek etdi.

Şu toparçanyň beýleki wekilleri Saud Arabystan bilen Hytaýyň arasyndaky oýunda-da duşuşygyň ykbalyny ýekeje pökgi kesgitledi. Bu ýerde hytaýlylar has şowly çykyş edip, ýeňişlerini baýram etdiler.

Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşigiň ilkinji 4 oýnunyň hiç birinde-de deňlik hasaba alynmady. Belki, ertirki oýunlarda has netijeli duşuşyklara şaýat bolarys. Ertir «C» toparçanyň agzalary BAE bilen Katar, Eýran bilenem Bahreýn güýç synanyşar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru