«Çelsi» başlaýar we utulýar...

1
438
0
0

 Aşgabat, 2-nji ýanwar. «Türkmenportal».

Angliýanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Tottenhemden» utulan «Çelsi» ýaryş tablisasynda «Mançester Sitiniň» öz yzyndan ýetmegine mümkinçilik döretdi. Mundan ozalky 19 tapgyrda diňe ýekeje gezek ýeňlip gören «Çelsi» üçin bu oýun diýseň şowly başlady. Žoze Mourinýonyň tälim berýänleri ýer eýeleriniň başlangyç hüjümlerini yzyna gaýtaryp, eýýäm 18-nji minutda hasaby açdylar.

Ýöne oýnuň galan böleginde «Tottenhemiň» oýunçylary öz mümkinçiliklerini has oňat peýdalandylar. Netijede, «White Hart Lane» stadionynda geçen London derbisi 5:3 hasabynda meýdança eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. 5:3 – «Tottenhem» üçin möwsümdäki iň oňat hasaplaryň biri, emma «Çelsi» üçin juda pes görkeziji. Çünki olar iň soňky gezek 2011-nji ýylda «Arsenal» bilen geçirilen oýunda derwezelerinden 5 pökgini çykarmaly bolupdyrlar. 

Şu ýeňlişden soň «Çelsiniň» ozalkysy ýaly 46 utugy bar (20 tapgyrdan soň), olaryň yzýanyndaky orny eýeleýän «Mançester Siti» soňky tapgyrda «Sanderlendi» utup (3:2), toplan utugy boýunça «gök eşikliler» bilen egin deňledi. Şu ýeňişden soň «Tottenhem» 34 utuk bilen 5-nji orna geçdi.

«Çelsi» nobatdaky oýny 10-njy ýanwarda öz meýdançasynda «Nýukasl» bilen geçirer. Şu möwsümde (2014-2015) «pensionerler» («Çelsi» topary «gök eşikliler», ‘pensionerler» diýibem atlandyrylýar) «Tottenhem» bilen geçirilen oýna çenli ýekeje gezek ýeňlipdiler. Şol oýunda «Çelsiden» üstün çykan toparam olaryň nobatdaky bäsdeşi «Nýukasldy».

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
batya224 ( 04/01/2015 )

hehe

Рейтинг@Mail.ru