Ýylyň gahrymanlary gutlaglary kabul edýärler

0
1002
0
0

Aşgabat, 28-nji dekabr. «Türkmenportal».

Türkmenistanyň milli paralimpiýa komitetiniň tagallasy bilen indi 4 ýyl bäri dowam edip gelýän däbe görä, Täze ýylyň öňüsyrasynda “Ak altyn” myhmanhanasynyň banketler zalynda ýylyň jemi boýunça tapawutlanan paralimpiýaçylary sylaglamak dabarasy geçirilýär.

2 sany uly ýaryşa – Inçhondaky (Koreýa Respublikasy) maýyp türgenleriň ХI Aziýa oýunlaryna we Ýerewandaky (Ermenistan) gepleýiş hem-de eşdiş taýdan maýyplaryň (1997-nji ýyldan uly bolmadyklar) sport göreşi boýunça I dünýä çempionatyna gatnaşyp, umumylykda 6 medal gazanan türkmenistanly maýyp türgenler üçin 2014-nji ýyl diýseň düşümli boldy. Şol ýaryşlarda medal gazanan türgenlerem soňlugy bilen Türkmenistanda ýylyň iň ökde paralimpiýaçylary diýlip yglan edildi.

6 medalyň 3-sini – 2 kümüş, 1 bürünç medaly türkmenistanlylar maýyp türgenleriň Aziýa oýunlarynda gazandylar. Her 4 ýyldan bir gezek Aziýanyň paralimpiýa komiteti tarapyndan geçirilýän bu ýaryşa yklymyň iň ezber maýyp türgenleri gatnaşýar. Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde guralan maýyp türgenleriň Aziýa oýunlarynda 40-dan gowrak döwletden 3847 türgen çykyş etdi. Olar sportuň 23 görnüşi boýunça özara güýç synanyşdylar. Şol görnüşleriň 19-sy Paralimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär.

Maýyp türgenleriň Inçhondaky Aziýa oýunlarynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik etdi. Olaryň 6-sy bir görnüşde, ýagny pauerliftingde (ýatan ýeriňden ştanga götermek) öz başarnyklaryny görkezdiler. Bu görnüşde erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlaryň her biri 10 agramda dowam edip, olarda 28 döwletiň wekili çykyş etdi.

Tapawutlanan türgenleri sylaglamak dabarasynda 2014-nji ýylda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly paralimpiýaçylara «МТС Туркменистан», «Dragan Oil Turkmenistan» hem-de Türkmenistanyň milli paralimpiýa komiteti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we pul baýraklary gowşuryldy.

***

2014-nji ýylda üstünlikli çykyş eden paralimpiýaçylar hakyndaky doly maglumat bilen şu habaryň rusça nusgasy arkaly tanşyp bilersiňiz.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru