Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy «CAFA CUP — 2017» halkara ýaryşyna gatnaşar

16:4120.06.2017
0
6924

2 — 10-njy iýul aralygynda Täjigistanda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň gurnamagynda 15 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň arasynda «CAFA CUP — 2017» atly halkara ýaryş geçiriler. Oňa Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň Gyrgyzystanyň, Owganystanyň ýygyndylary bilen birlikde Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy hem wekilçilik eder.

Duşuşyklar aýlaw ulgamynda geçiriler, ýagny her bir ýygyndy ýaryşa gatnaşýan ýygyndylar bilen bir gezek duşuşar. Ýeňiji toplanan utuklaryň netijesinde belli ediler. Şeýlelikde, ýaryşyň dowamynda jemi 15 duşuşyk geçiriler. Duşuşyklaryň 10-sy Gissar merkezi stadionynda, galan 5-si Duşenbe şäheriniň Merkezi Respublikan stadionynda geçiriler.

Ýaryşyň senenamasy:

1-nji tapgyr (2-nji iýul):

17:00 — Eýran — Türkmenistan. Gissar, Merkezi stadion.

18:00 — Özbegistan — Owganystan. Duşenbe, Merkezi Respublikan stadiony.

20:00 — Täjigistan — Gyrgyzystan. Gissar, Merkezi stadion.

2-nji tapgyr (4-nji iýul):

17:00 — Özbegistan — Eýran. Gissar, Merkezi stadion.

18:00 — Türkmenistan — Gyrgyzystan. Duşenbe, Merkezi Respublikan stadiony.

20:00 — Owganystan — Täjigistan. Gissar, Merkezi stadion.

3-nji tapgyr (6-njy iýul)

17:00 — Gyrgyzystan — Özbegistan. Gissar, Merkezi stadion.

18:00 — Eýran — Owganystan. Duşenbe, Merkezi Respublikan stadiony.

20:00 —Täjigistan — Türkmenistan. Gissar, Merkezi stadion.

4-nji tapgyr (8-nji iýul)

17:00 — Eýran — Gyrgyzystan. Gissar, Merkezi stadion.

18:00 — Owganystan — Türkmenistan. Duşenbe, Merkezi Respublikan stadiony.

20:00 —Özbegistan — Täjigistan. Gissar, Merkezi stadion.

5-nji tapgyr (10-njy iýul)

17:00 — Türkmenistan — Özbegistan. Gissar, Merkezi stadion.

18:00 — Gyrgyzystan — Owganystan. Duşenbe, Merkezi Respublikan stadiony.

20:00 —Täjigistan — Eýran. Gissar, Merkezi stadion.

Bellik: duşuşyklaryň wagty Täjigistanyň wagty bilen görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň