Soňky habarlar

Arhiw

Zarýad çemşesi — kola

16:5325.05.2017
0
1190

Şeýle bir zady göz öňüne getiriň! Ine, siz ýolda. Köp ulananyňyz sebäpli, telefonynyň zarýady tamamlanýar. Soň bolsa gündelik durmuşymyzyň eýýäm aýrylmaz parçasyna öwrülen jübi telefonymyzy zarýadlandyrmagyň gamyny iýip başlaýarys. Şol mahal haýsydyr bir ýerden elektrik toguny ýa-da zarýad beriji akkumulýatory tapmagyň deregine, telefonyňyzyň ýörite ýerine kola guýýarsyňyz we telefon ýene-de zarýadlanýar. «Bolup biljek zat däl» diýýärsiňizmi? Ýok, bolup biljek eken.

Daizi Žneg atly bir oýlap tapyjy şeýle telefonyň ilkinji nusgasyny eýýäm «Nokia» kompaniýasyna hödürledi. Biler bolsaňyz, bu telefonyň zarýad çeşmesi — uglewodorod. Özi-de kolanyň düzümindäki şeker. Telefony oýlap tapyjynyň aýtmagyna görä, tebigy gurşawy goramak üçin adaty batareýa derek biologiki batareýadan peýdalanyldy. Şol batareýa hem uglewodoroddan zarýad alýar.

Telefony zarýadlandyrmak üçin bary-ýogy bir bulgur kola ýeterlik. Iň gyzykly tarapy bolsa, biobatareýa adaty batareýadan zarýady 3-4 esse köp saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň