Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» toparçadaky bäşinji synagyna çykýar

12:1017.05.2017
0
1367

Şu gün ýurdumyzyň häzirki çempiony — Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary yklym ýaryşynda möhüm synaga çykýar. AFK-nyň kubogynyň «D» toparçasynyň bäşinji tapgyrynda ildeşlerimiz Gyrgyzystanyň çempiony — Oş şäheriniň «Alaý» futbol toparyny kabul eder. Sagat 17-de başlanjak duşuşyk Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda geçiriler.

Duşuşykda «aragatnaşykçylar» gök köýnekçede (derwezewan gara köýnekçede), myhmanlar bolsa sary (derwezewan — ýaşyl) köýnekçede çykyş eder. Duşuşyga hindistanly hünärmenler eminlik eder.

Şu duşuşyk AFK-da çykyş eden türkmenistanly toparlaryň Gyrgyz Respublikasyna wekilçilik edýän toparlar bilen ýedinji duşuşygy bolar. Ýedi duşuşygyň dördüsi «Altyn asyra», ikisi «Balkana», biri «Ahala» degişlidir.

Bu duşuşyk ýurdumyza wekilçilik edýän toparlaryň AFK-nyň kubogyndaky 61-nji duşuşygydyr. Eger-de oýun «Altyn asyryň» ýeňşi bilen tamamlansa, türkmenistanly futbol toparlary bu ýaryşda 15-nji ýeňşini gazanar.

«Altyn asyr» bu ýaryşa üçünji gezek gatnaşýar. Altymyrat Annadurdyýew bolsa, ýene-de ýekeje pökgi geçirse, AFK-nyň kubogynda iň kän gol geçiren türkmen futbolçysy bolar. Ýöne bu çempionatda başga bir ildeşimiz Artur Gewrokýanyň bombardir bolandygyny hem ýatlamaly. Emma Artur ýaryşa Özbegistana wekilçilik edýän toparyň düzüminde gatnaşypdy.

Ýatladýarys, şu wagta çenli «aragatnaşykçylarda» we Täjigistanyň «Istiklol» toparynda 10 utuk bar. Gyrgyzystana wekilçilik edýän toparlar bolsa üçünji orun ugrunda göreşer. Eger-de şu günki duşuşykda «Altyn asyr» uly hasap bilen ýeňiş gazansa, Bişkekdäki duşuşykda-da «Istiklol» utuk ýitirse, ildeşlerimiziň çärýek finala çykmaga mümkinçiligi artýar. Eger «Altyn asyr» muny başarsa, AFK-nyň kubogynda toparçadan çykan ilkinji türkmenistanly topar bolar.

Garşydaşymyz — «Alaý» futbol topary barada giňişleýin maglumat üçin şu tak basyň. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň