Soňky habarlar

Arhiw

Garşydaşymyz — «Alaý» futbol topary barada

0
1450

Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň «Alaý» futbol topary 1960-njy ýylda döredildi. Topar öýündäki duşuşyklaryny 11200 tomaşaçy orunlyk A.Suýumbaýew adyndaky stadionda geçirýär. Toparyň baş tälimçisi Warazdat Babaýan.

Döredilen wagtyndan bäri, «Şahtýor Oş», «Alaý Oş», «Alaý-Oş-Prim», «Dinamo Oş», «Dinamo-Alaý Oş» ýaly atlary göteren toparyň häzirki ady 2002-nji ýyldan bäri üýtgewsiz gelýär.

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynda (iň ýokary ligasy) 1992-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän topar soňky dört möwsümde üç gezek ýurduň çempiony boldy.

«Alaý» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlara 2014-nji ýyldan bäri gatnaşýar. Şol ýyl toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanan «Alaý» 2015-nji ýylda toparça girmek üçin saýlama duşuşygyndan geçip bilmedi. Bu ýyl bolsa topar «Altyn asyr» bilen bir toparçada çykyş edýär, emma «Alaýyň» entek utugy ýok.

«Alaý» Gyrgyzystanyň kubogyna bir gezek — 2013-nji ýylda mynasyp boldy. Toparyň edil häzirki düzüminde dört sany daşary ýurtly futbolçy bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar