Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat iki utulyşdan soň, ýene-de ýeňiş gazandy

20:2201.04.2017
0
2994

Şu gün paýtagtymyzdaky «Gökje» sport toplumynda geçirilen «Aşgabat» — «Turan» duşuşygy bilen Ýokary liganyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Tapgyryň ilkinji duşuşygy paýtagtyň adybir toparynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykda Azatberdi Tagandurdyýew bilen Pirmyrat Gazakow tapawutlandy. Ýokary ligada soňky 2 tapgyrda ýeňlen «Aşgabadyň» futbolçylaryna bu ýeňşiň uly ruhubelentlik we hyjuw berendigi şübhesiz hakykatdyr. Üstesine-de, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtleri häzirlikçe ýaryş tertibinde bir basgançak ýokary galyp, 5-nji orna çykdylar. «Turan» bolsa ýeňiş hem gol umydyny 6-njy tapgyra galdyrmaly boldy. Duşuşykda tapawutlanan futbolçylardan Azatberdi Tagandurdyýew möwsümdäki ilkinji pökgüsini geçiren bolsa, Pirmyrat Gazakow gollarynyň sanyny 2-ä çykardy. Tapgyrda ýene-de 3 duşuşyk göz öňünde tutulan. «Köpetdag» bilen «Şagadamyň» arasyndaky duşuşyk ertir paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda geçiriler. Birigün ýene-de şol stadionda «Ahal» bilen «Balkan» duşuşar. Tapgyrdaky «Merw» — «Altyn asyr» duşuşygy bolsa, «aragatnaşykçylaryň» AFK kubogyna gatnaşýandygy sebäpli, 26-njy iýuna geçirildi. Tapgyrda Mary DES-iň «Energetik» futbol topary dynç alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň