Täze möwsüme 4:0-lyk başlangyç

0
485
Täze möwsüme 4:0-lyk başlangyç
Şu gün Türkmenistanyň XXV Milli futbol çempionatynyň açylyş duşuşygynda Balkanabadyň «Balkan» futbol topary Daşoguz şäheriniň «Turanyny» kabul etdi. Duşuşyk 4:0 hasabynda «Balkanyň» peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň eýýäm 3-nji minudynda ýer eýeleri hasaby açdylar. «Balkanyň» goragçysy Nurtagan Mämmedalyýew Ýokary liganyň 25-nji möwsüminiň ilkinji pökgüsiniň awtory boldy. Hasap ir açylan hem bolsa, şondan soň birinji ýarymda ne ýer eýeleri arany açyp bildiler, ne-de myhmanlara hasaby deňlemek başartdy. Balkanabadyň 10 müň orunlyk sport toplumyna ýygnanan janköýerler ikinji goly görmek üçin 61-nji minuda çenli garaşmaly boldular. Şeýlelikde, duşuşygyň ikinji goly ýene-de goragçydan, has takygy, geçen möwsümiň jemleri boýunça Milli çempionatymyzyň iň gowy düzümine giren Mekan Saparowdan geldi. Ikinji goldan 8 minut soňra «Balkana» birnäçe ýyldan soňra dolanyp gelen hüjümçi Hemra Amanmämmedow möwsümdäki ilkinji pökgüsini geçirdi. Duşuşygyň nokadyny Yhlas Magtymow goýdy. Onuň 84-nji minutda geçiren pökgüsi bilen hasap 4:0-a çykdy. Duşuşuk şu hasap bilen hem jemlendi. Möwsümiň ilkinji goly baradaky täsinlige ünsüňizi çekmek isleýäris. Indi 3 möwsümden bäri ilkinji goly ne hüjümçiler, ne-de ýarym goragçylar geçirýär. Soň 3 möwsümiň gollaryna goragçylar badalga berdiler. Eger 2015-nji ýylda Şöhrat Sýünowyň geçiren goly bilen möwsüm başlan bolsa, geçen ýyl Mekan Saparow möwsümiň ilkinji goluny öz adyna ýazdyrypdy. Bu ýyl hem, görşüňiz ýaly, Nurtagan Mämmedalyýew. Türkmenistanyň Ýokary ligasy — 2017 1-nji tapgyryň duşuşygy: «Balkan» 4:0 «Turan» Gollar: 1:0, Nurtagan Mämmedalyýew 3’ 2:0, Mekan Saparow 61’ 3:0, Hemra Amanmämmedow 69’ 4:0, Yhlas Magtymow 84’.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň